Eýranyň aňtaw ministrligi: 10 Takfiri-Sionist DAEŞ terrorçysy tussag edildi

Eýranyň aňtaw ministrligi: 10 Takfiri-Sionist DAEŞ terrorçysy tussag edildi

Eýranyň aňtaw ministrliginiň yglan etmegine görä, Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlyk güýçleri Hezreti Aba Abdellah Al-Huseýniň (AS) ýas tutýanlarynyň arasynda birnäçe terrorçylyk operasiýasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýän on sany Takfiri-Sionist DAEŞ terrorçysyny tussag etdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň aňtaw ministrligi Takfiri-Sionist DAEŞ terrorçylarynyň onusynyň tussag edilendigi barada habarnamany ýaýratmak bilen soňky üç günde DAEŞ Takfiri-Sionist terroristleri Hezreti Aba Abdellah Al-Huseýniň (AS) ýas tutýanlaryň arasynda birnäçe terrorçylyk operasiýasyny geçirmegi meýilleşdiripdiler diýip yglan etdi.

Bu bildirişde şeýle diýilýär: Sionist jenaýatçy regimi, geçen hepde Komeleh ady bilen tanalýan separatist terroristler tarapyndan Eýranda bir duýgur merkeziň partlamasynda uly şowsuzlykdan soň, bu agyr ýeňlişi täsir astyna salmak üçin we öz ýigitleriniň ruhyýalaryny dikeltmek üçin synanyşdy we bu gezek, Takfiri-DAEŞ toparlaryny Hezreti Ymam Hüseýiniň (AS) ýas çäresinde terrorçylyk operasiýalary üçin ulanmaga synanyşdy ýöne howpsuzlyk güýçleriniň taýýarlygy we Türkiýeden we Yrakdan gelen hakyna tutulan söweşijileriň gözegçiligi bilen Takfiri terrorçylary ýurduň günbatar we günorta sebitlerinde tussag edildiler.

Eýranyň Aňtaw ministrligi bu bildirişde: Howpsuzlyk güýçleri ýurduň howpsuzlygyny we Yslam Eýranyň halkynyň parahatçylygyny ygtyýar, aňtaw we öz janlaryndan geçmek bilen goraýar diýip yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran: "ABŞ ýaraşyk isleýändigi baradaky ýüzlenmesini bize ýetirdi" diýdi
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy