Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, 10 ýurdyň Türkiýedäki ilçileriniň işewür adam Osman Kawalanyň azat edilmegi baradaky çagyryşlaryndan yza ädim edip, Wena ylalaşygynyň 41-nji maddasyna bagly galjakdyklary baradaky beýanatlarynyň üstünde durup geçdi.
Twitter hasabyndan "Sag bolsun Erdogan" etiketkasy bilen beýanat beren Fahrettin Altun: "Prezidentimiz Erdoganyň, Türkiýedäki 10 ilçihana tarapyndan çap edilen kabul edilip bilinmejek beýanata garşy görkezen liderligine minnetdarlyk bildirýäris.Prezidentimiziň bu sylagsyz beýanata bildiren reaksiýasy, milli özygtyýarlylygymyza baglylygynyň we duýgurlygynyň görkezijisidir.
Türkiýe beýleki ýurtlaryň içerki işlerine hemişe hormat goýdy, halkara hukugyň we adatlaryň çäginde hiç wagt kazyýet işlerine goşulmady.Beýleki ýurtlardan, esasan hem hyzmatdaş ýurtlardan we ýurdymyzdaky wekilhanalardan hem şolar ýaly çemeleşmä garaşýarys.
Daşary işler ministrligimiz şol daşary ýurtly missiýalara gerek bolan jogaby berdi we kabul edilip bilinmejek pozisiýalary barada özlerine duýduryş berdi.Hökümedimiz gerek bolan halatynda milli özygtyýarlylygymyzdan egilşik etmejekdigimizi görkezjek başga ädimler etmekden hem çekinmez" diýip nygtady.