FAKS Oýlap tapyş

Bu söz latynça “meňzeşini ýasamak” diýmegi aňladýan “fac similar” sözünden gelip çykýar.Aragatnaşygyň bu görnüşi iberiji we kabul ediji iki enjam arkaly haýsydyr bir ýazgyny ýa-da şekili başga ýere geçirýär.

Iberiji enjam maglumaty elektrik signallarynyň üsti bilen telefon ýa-da radio geçirijileri arkaly kabul ediji enjama geçirilýär.Kabul ediji enjam gelen maglumaty gaýtadan surata öwrüp kagyza ýazýar.Ilkinji faks enjamyny 1843-nji ýylda şotland inženeri Aleksandr Beýn oýlap tapýar.

Ilkinji tokly sagady hem işläp düzen Beýn Edinburg-Glazgo aralygyndaky telegraf geçirijisini hem döredýär.Frederik Beýkwell Beýniň enjamyny has-da kämilleşdirip, 1851-nji ýyldaky halkara sergide köpçülige görkezýär.

Häzirkilere meňzeş faks enjamyny 1924-nji ýylda amerikaly Riçard H.Ranjer oýlap tapýar. Şol ýylyň 24-nji noýabrynda Nýu-Ýorkdan Londona bir surat iberilýär.

Nemes professory Artur Korn hem faks enjamyny taýýarlaýar.Onuň işläp düzen enjamy arkaly 1907-nji ýylda Londonda çap edilýän “Daily Mirror” gazetine Parižden surat iberilýär.Bu enjamlar 1970-nji ýyllarda has hem kämilleşdirilýär. 1980-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýaponiýada sanly faks enjamlary öndürilýär.

Häzirki wagtda bolsa, internet arkaly elektron poçtalaryň üsti bilen dürli hatlary we beýleki maglumatlary dünýäniň islendik ýerine birnäçe sekundyň dowamynda iberip bolýar.

Ýene degişli makalalar

Rekord bahadan satyldy
Edinburgyň gymmat festiwaly 75 ýyllygyny belleýär
Çagalykda saz öwrenmek beýnini güýçlendirýär
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
Emeli aň giňden ýaýraýar
Dünýäniň iň gowy şäherleri