FAO azyk harytlarynyň arzanlamagyna umyt bildirýär

FAO azyk harytlarynyň arzanlamagyna umyt bildirýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) azyk harytlarynyň arzanlamagynyň mundan beýläk-de dowam etmegine umyt bildirýär. Bu barada RIA Nowosti habarlar gullugyna guramanyň Russiýa Federasiýasy bilen aragatnaşyk bölüminiň direktorynyň orunbasary Agasi Arutýunýan habar berdi.

Arutýunýan geçen noýabrda oktýabrdaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, azyk harytlarynyň bahalarynyň biraz arzanlandygyny belledi.

Ýagdaý hatda geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende hem gowulaşýar. Bu oňat habardyr, sebäbi ýylyň başynda, aýratyn-da mart-aprelde bahalar gaty gymmatlady. Soňky aýlarda biz nyrhlaryň arzanlaýandygyny synlaýarys. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ýagdaýyň dowam etmegine umyt edýäris diýip, Arutýunýan aýtdy.

Ol şeýle-de däne geleşiginiň bu babatda oňyn orna eýe bolandygyny nygtady, ýagny bu geleşik azyk harytlarynyň bahasynyň kadalaşmagynda uly ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
Iň kyn diller
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi
Beýik Britaniýadaky karollyk kabulhanasyndan 1 million ýewrolyk gymmatlyklar ogurlandy
Joş Teýlor Hose Ramiresi ýeňip, boks boýunça absolýut dünýä çempiony boldy