FIA 2026-njy ýylda “Formula-1-iň” ulaglarynyň göwrümini kiçeltmegi maksat edindi

FIA 2026-njy ýylda “Formula-1-iň” ulaglarynyň göwrümini kiçeltmegi maksat edindi

“Formula-1” komissiýasynyň mejlisiniň jemi boýunça Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) 2026-möwsümi üçin dünýä çempionatynyň awtomobiller babatynda tehniki düzgünlerini döretmekde ugur alynjak ýörelgeleri neşir etdi. Aýratynam, FIA awtomobilleriň göwrümini kiçeltmegi we olaryň agramyny artdyrmagy bes etmegi wada berdi diýip, Day.Az belleýär.

Üýtgeşmeleriň hataryna şular hem girdi: ulaglaryň ekologiýa taýdan zyýansyzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de güýç beriji bloklaryň aýratynlyklary bilen utgaşdyrmak üçin peseldilen aerodinamiki garşylyk; güýçli bäsdeşlik we ulaglaryň biri-biriniň yzyndan sürmek ukyby taýdan gazanylan görkezijileri saklamak we hasam ýokarlandyrmak.

Ekologiýa taýdan zyýansyzlyga aýratyn üns berildi: çykdajylary azaltmak üçin strategiki taýdan saýlanan bölekleri standartlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek boýunça ýoly dowam etdirmek. Gaýtadan ulanylmagyna ünsi çekip, ekologiýa taýdan arassa materiallaryň ýa-da tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmek; ulaglaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasiýalary dowam etdirmek, aktiw we connected safety ulgamlaryna tarap hereket etmek.

Ýene degişli makalalar

Formula — 1-iň 2023-nji ýylyň möwsümi üçin senenamasy tassyklanyldy
Audi Formula 1-e dolanýar
FIA-nyň Bütindünýä geňeşi “Formula-1-iň” täze motor düzgünnamasyny kabul etdi
Ildeşimiz Ýerewanda geçen dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy
“Toyota”-nyň yzly-yzyna 2-nji ýeňşi
“Gündogar”: “Amul-Hazar” rallisiniň guramaçylary Türkmenistanda ýaryş geçirmekden ýüz öwürdiler