Fitnes marafony geçiriler

Dubai Fitness Challenge (DFC) atly meşhur fitnes marafony Dubaýyň ýaşaýjylaryny hakyky we wirtual wakalaryň tapgyrynda dördünji gezek duşurýar.Bu çäräniň guramaçylary şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 30-njy oktýabrdan 28-nji noýabr aralygynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmäge çagyrýar.

Bu ýylky maksatnamanyň çäklerinde iň ýokary howpsuzlyk ülňüleri üpjün edilip, gatnaşyjylaryň ählisine sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik dörediler.Howpsuz aralygyň saklanmagyny ýatlatmak bilen, Dubaýyň ýaşaýjylary we myhmanlary bir aýyň dowamynda her gün ýarym sagatdan gowrak sport bilen meşgullanmak arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürip bilerler.

Ýurduň ilatynyň fiziki işjeňligini yzygiderli artdyrmak maksady bilen emirligiň ýolbaşçylary şunuň ýaly sport çärelerini gurnaýarlar. Bu çäre ýaşyna, ukybyna, tejribesine we ýaşaýan ýerine garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgelerini gyzykly güýmenjä öwürmek üçin esaslandyryldy. DFC-de ileri tutulýan iň esasy ugurlaryň biri keseliň öňüni almakdyr, şonuň üçin ähli işjeň hereket Saglygy goraýyş ministrliginiň soňky talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Dubai Fitness Challenge 2017-nji ýylda Dubaýyň ýaşaýjylarynyň bedenterbiýe işjeňligini yzygiderli ýokarlandyrmak hem-de 30 günüň dowamynda her gün 30 minut maşk etmäge höweslendirmek maksady bilen döredildi.Bu çäre futbol oýnamak, welosiped sürmek, gaýyk sürmek, pyýada ýöremek, ýoga bilen meşgullanmak ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar.

Bu çäreleriň hemmesi Dubaýyň sagdyn, işjeň we bagtly ýaşaýjysy bolmaga kömek eder diýip, emirligiň ýolbaşçylary belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy
Ýurdumyzda giň möçberli maslahat hem-de sergi geçirilýär
Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
Aşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady
Halkara ulag maslahaty we sergisi başlady