Fiziki klawiaturaly dünýäde ilkinji 5G-smartfony çykaryldy

Fiziki klawiaturaly dünýäde ilkinji 5G-smartfony çykaryldy

Planet Computers Astro Slide 5G-ni resmi taýdan hödürledi. Bu fiziki QWERTY klawiaturaly dünýäde ilkinji 5G-smartfondyr. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Astro Slide 5G bäşinji nesil toruny göterýän MediaTek Dimensity 800 prosessory bilen üpjün edilen.Täze smartfon slaýderdir.Smartfon ýygnalan ýagdaýynda klawiatura ekranyň aşagynda durýar, ýöne ony bir gyra çekip bolýar.

Açylan ýagdaýynda gurluşyň displeýi bir burçda ýerleşýär, şonuň üçin adama smartfony albom görnüşinde ulanmak amatly bolýar.Astro Slide 5G-niň AMOLED-ekranynyň diagonaly 6,39 dýuýma deň, onuň durulygy FHD+.

Smartfon 8 GB operatiw we 128 GB içki fleş-ýada eýe.MicroSD karty üçin ýeri hem bar.Gurluş 10 Watt kuwwatly çalt simli zarýadlanmany göterýär.Smartfon şu ýylyň mart aýynda satuwa çykmalydy, ýöne indi smartfony işläp düzüjileri goldan ulanyjylaryň gurluşy iýun aýynda alyp biljekdigi, erkin satuwyň şu ýylyň sentýabr aýynda başlajakdygy belli boldy.

Ýene degişli makalalar

Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Samsung 5G-ni göterýän we güýçli batareýaly orta klas smartfonlaryny hödürledi
Mobile tm Xiaomi haryt nyşanly önümleriň dürli görnüşlerini hödürlenýär
Xiaomi özüniň ilkinji 200 megapiksellik smartfonyny bildiriş etdi
10 minutda 100% zarýad beriji tehnologiýa
“Nokia” täze smartfonyny hödürledi