F.Tuhbatullin: Türkmenistan derde ýaramaýan ulgamy saklap, 'gowy kadrly' bolmaga çalyşýar

F.Tuhbatullin: Türkmenistan derde ýaramaýan ulgamy saklap, 'gowy kadrly' bolmaga çalyşýar

Hökümet başlygy ýurtda gurlan we gurulýan “döwrebap senagat kärhanalaryna, döredilýän täze pudaklara sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary hünärli hünärmenleriň gerekdigini” aýdyp, ýurtda “tutuş hünär taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmek” zerurlygyny boýun aldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmegi talap etdi.

Ol bu gullugyň işini kämilleşdirmegi, ýokary taýýarlykly ýolbaşçylary we hünärmenleri ýetişdirmegi on ýyl bäri talap edýär.Soňky talap “Türkmengaz” döwlet konsernine gazdan benzin öndürýän täze zawoda Ýaponiýanyň “Kawasaki” kompaniýasyndan dolandyryş geňeşçilerini çekmek tabşyrygynyň berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan öň Türkmenistanda gurulýan döwrebap kärhanalar we olary işletjek hünärmenler meselesi belarus hünärmenleri tarapyndan Garlykda gurlan kaliý kärhanasy bilen baglylykda öňe çykdy we bu kombinatyň taslama kuwwatyndan has pesde işleýändigi resmi taýdan tassyk edildi.

Wise-premýer Pürli Agamyradow 25-nji ýanwarda Döwlet gullugy akademiýasynda berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak barada ediljek işler barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.Prezident kadr ýetişdirmek zerurlygyny on ýyl mundan öňem tassyklapdy we “ýolbaşçylaryň berilýän bilimiň hili bilen çynlakaý gyzyklanmazlygyndan” örän nägile bolupdy. Şol wagt we soňky ýyllarda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan synçylar Türkmenistanyň ýiti kadr ýetmezçiligi, gyssagly hünärmen ýetişdirmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, bu meseläniň ýurduň mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda, şonuň bilen birlikde döwlet edaralarynda dowam edýän “geldi-geçerlik, korrupsiýa” bilen baglydygyny aýtdylar we aýdýarlar.

Berdimuhamedowyň prezidentlige kandidatlyk wadalarynyň başynda ýokary hilli bilim, internet elýeterliligi ýaly wadalar durýardy we ol Döwlet gullugy akademiýasyny döretmek baradaky karara 2008-nji ýylyň güýzünde geldi.Netijede, bu akademiýa 2009-njy ýylyň 2-nji martynda açyldy we prezident öz ýanyndaky edaranyň işini bir ýyl geçip-geçmän tankytlamaga başlady.

Döwlet baştutanynyň on ýyl mundan öňki sözlerine görä, bu akademiýada bilim alýanlar berk giriş ekzamenleri esasynda saýlanmaly, olara prezident diwanyndan, Daşary işler ministrliginden we beýleki döwlet edaralaryndan çagyrylan tejribeli bilermenler sapak bermeli.

Emma synçylar Türkmenistanda kadr ýetişdirmek üçin zerur bolan kadrlaryň hem taýýarlanylmaýandygyny, ýurduň bilim ulgamynyň "tasdan çökendigini", "para bermeseň ne okuwyň, ne-de işiň bardygyny" aýdýarlar. “Kadrlary taýýarlamak üçinem kadrlar gerek, ýagny örän ýokary derejeli mugallymlar düzümi gerek” diýip, hukuk goraýjy Farid Tutbatulliniň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu hili ýokary derejeli mugallym kadrlary Türkmenistanda bireýýämden bäri ýok, olaryň köpüsi soňky ýyllarda pensiýa çykdy, köpüsi ýurtdan gitdi.Eýsem, Türkmenistanyň kadrlar, hünärli adamlary ýetişdirmek meselesi nähili çözülip bilner?

F.Tuhbatulliniň pikiriçe, bu ýerde daşary ýurtly hünärmeleri işe çekmek bir çykalga bolup biler.Emma ol daşary ýurtly hünärmenleriň "diktowka", ýagny buýruk-görkezme esasynda işlemek endiginiň ýokdugyny, olaryň öz okatmak tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrjakdyklaryny belleýär. “Emma bu biziň türkmen häkimiýetlerimize ýaraman biler we men şu ýerde hem ýapyk aýlaw görýärin: ýagny olar bir tarapdan gowy kadrlaryň bolmagyny isleýärler, şol bir wagtda-da hiç bir işe ýaramaýan ulgamy tutuşlygyna saklap galjak bolýarlar” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýolbaşçysy aýtdy.

F.Tuhbatulliniň pikiriçe, bu ýerde ýene bir çykalga bar, ol türkmen kadrlaryny daşary ýurtlara bir zatlar öwrenip gelmäge ibermek bilen bagly. Ýöne bu çykalganyň hem özüne ýeterlik kynçylygy bar: “Biz ýeterlik derejede köp fakty bilýäris, has ýokary derejede hünär öwrenmäge çalyşýanlar barada aýdyp hem oturmaly, hatda daşary ýurtlarda okan studentleriň hem köpüsi ýurda, öýlerine dolanyp barmak islemeýär.

Onsoň bu hem türkmen häkimiýetleri üçin ýaramly çykalga bolup çykmaýar”. “Şu sebäpden, dogrymy aýtsam, häzirki emele gelen ýagdaýda men bu akademiýanyň ýa-da umuman ýolbaşçy kadrlary taýýarlaýan ulgamyň işlemegi üçin haýsydyr bir ýol ýa çykalga görmeýärin” diýip, Tuhbatullin aýtdy. Şeýle-de ol häzirki ýolbaşçylaryň, birinji klas okuwçylary ýaly, hemişe elleri depderçeli dik duran resmileriň, belki-de prezidentiň düşünjesine görä, “iň gowy kadrlardygyny” belledi.

Hukuk goraýjynyň pikiriçe, “iň ýokarkylar, “milli elita” şeýle adamlardan durýan bolsa, bu juda gülkünç” we beýle ýagdaýda kadrlaryň, bu iş bilen meşgullanmak isleýän akylly-başly, ambisiýaly adamlaryň ol ýere öz islegi bilen barmagy barada gürrüňem bolup bilmez. “Bar problema hem şunda” diýip, Tuhbatullin sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen mediasynyň maglumatlaryna laýyklykda, soňky 25 ýylda Türkmenistanda ýokary wezipelerde işlän ýüzlerçe kadr “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezlikde, işde kemçilik goýbermekde” we korrupsiýada aýyplanyp, wezipesinden boşadyldy.Olaryň köpüsiniň soňky ykballary mälim däl. Ýerli synçylaryň we Azatlygyň çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, soňky birnäçe ýylda, "howpsuzlyk aladalary" sebäbli, wezipe basgançagynda ýokary galmazlyk, edara ýolbaşçysy wezipesinden boşadylanda onuň ýerine geçmezlik üçin tanyş gözleýän resmiler barha köpelýär.

Ýene degişli makalalar

Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
TDH Berdimuhamedowyň halka beren wadalarynyň 'ýekejesiniň hem ýerine ýetirilmän galmaýandygyny' aýdýar
F.Tuhbatullin: Bilimdäki korrupsiýa güýçlenýär we biziň jemgyýetimizi içinden iýýär
'Kadr ýetmezliginden kösenýän' Berdimuhamedow 'kemçilik goýberýän' ýolbaşçylara 'çydamlylygyny' dowam etdirýär
F.Tuhbatullin: MHM üçin ekologiki howpsuzlyk birinji orundaky problema bolmaly