Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý, koronawirus epidemiýasyna garşy Türkiýede oýlanyp tapylan ýene-de bir sanjymyň faza-1 synaglarynyň başlajakdygy baradaky buşlukly habary berdi.
Fuat Oktaý, Ýozgat welaýatynda ýerli telewideniýe kanallarynyň birine beren beýanatynda, Kowid-19-a garşy häzirki wagtda 18 ýerli sanjym işleriniň dowam edýändigini we şolaryň 7-siniň umytlandyryjydygyny mälim etdi.
Fuat Oktaý, şol 7 sanjymyň 4-siniň bolsa kliniki synag tapgyryndan geçýändigini beýan etdi.
Kaýseri Erjiýes uniwersitetinden Prof.Dr.Aýkut Özdarendeli tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymynyň soňky kliniki tapgyry bolan faza-3 tapgyryna örän ýakyn wagtda geçjekdigini aýdan Fuat Oktaý: "Şu gün hem buşlukly habarymyz bar.
Selçuk uniwersitetinden Prof.Dr.Osman Erganiş mugallymymyz tarapyndan oýlanyp tapylan sanjym dalaşgäriniň kliniki synaglardan ozalky tapgyry üstünlikli tamamlandygy we faza-1 tapgyryna başlajakdygy baradaky habary aldyk.Nesip bolsa çarşenbe güni faza-1 synaglary başlar" diýip habar berdi.