Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň taryhyndan

Çempion ahyry üýtgeýärFutzal boýunça 8-nji Aziýa çempionaty 2006-njy ýylyň 2127-nji maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýär. 16 ýygyndynyň gatnaşan ýaryşyna Awstraliýanyň ýygyndysy ilkinji gezek wekilçilik edýär.

Toparlar 4 A toparçada çykyş edip, duşuşyklar Ýunusabad Sport toplumynda geçirilýär.Türkmenistanyň futzal ýygyndysy hem çempionata gatnaşýar.Bu gezekki ýaryşda çärýek final oýunlary oýnalman, her toparçadan 1 ýygyndy ýaryşy dowam etdirýär. Ýagny her toparçanyň öňdebaryjysy ýarym finala çykýar.toparçada ýer eýeleri özbekler 3 duşuşygynda ýeňiş gazanýar.

Malaýziýany 70, Hytaý Taýpeýini 60 ýeňen Özbegistan Hytaýy 41 hasabynda utýar.B toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy ýeňlişsiz birinji ýeri eýeleýär.Olar Gonkongyň ýygyndysyndan 120 üstün çykýar.Duşuşykda Kogure bilen Koýamanyň hersi 3 gol geçirýär. Ýaponlar 2-nji duşuşygynda Yragy Kogureniň gollary bilen 20 ýeňýär. Ýaponiýa bilen Täjigistanyň arasyndaky duşuşykda 17 gol hasaba alynýar.

Kogureniň 6 gol geçiren oýnunda ýaponlar 116 hasabynda ýeňiş gazanýar.C toparçada Gyrgyz Respublikasynyň futzal ýygyndysy hem beýlekiler ýaly 3 duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başarýar.Olar ilki Awstraliýany 51, Liwany 73, Kuweýti 20 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.D toparçada Eýranyň ýygyndysy hem ýeňlişsiz ýarym finalçy bolýar.

Türkmenistanyň ýygyndysyndan üstün çykan eýranlylar Indoneziýany 20-1, çekeleşikli geçen oýunda-da Tailandy 63 ýeňýär.Umumylykda 40 gol geçiren Eýranyň ýygyndysynyň ezber hüjümçisi Wahid Şamsaei 1-nji oýunda 5, Indoneziýa bilen bolan duşuşykda 7, şeýle-de Tailandyň derwezesinden 3 gol geçirýär.

Toparçada Türkmenistanyň ýygyndysy Indoneziýany 103 hasaby bilen ýeňlişe sezewar edýär.Duşuşykda Artur Geworkýan 4, Aleksandr Sidorow bilen Täji Abdullaýew 2, Agajan Resulow bilenem Mergen Orazow 1 gezek tapawutlanýar.Ýarym final duşuşyklarynda Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasy hem-de Ýaponiýa bilen Eýranyň ýygyndylary duşuşýar. Özbekler bilen gyrgyzlaryň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 42 ýeňiş gazanyp, 2-nji gezek finala çykýar.

Gyrgyzlar bolsa, yzly-yzyna 2-nji ýola finalyň bosagasyndan gaýdýar.Beýleki ýarym finalda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar.Aslynda soňky 23 çempionatda şeýle netijäniň ahyry boljakdygy görnüp başlapdy. 11 deňlikde dowam edip duran duşuşygyň soňky 10 minutynda 4 gol geçiren ýaponlar güýçli garşydaşyny 51 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Duşuşykda Daisuke Ono 3 gezek tapawutlanýar.Finaldan öň oýnalan bürünç medal ugrundaky duşuşykda Eýran 53 hasabynda Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyndan üstün çykýar.

ÝAPONIÝA KUBOGY AHYRY EÝELEÝÄRFinal duşuşygynda bassyr 5-nji gezek finala çykan ýaponlar ahyry arzuwlaryna ýetýär.Mundan öňki 4 finalda güýçli garşydaşy Eýranyň ýygyndysyndan rüstem gelip bilmedik ýaponlar özleri üçin dörän bu amatly pursatdan ýerlikli peýdalanýarlar.

Duşuşyk 51 hasabynda Ýaponiýanyň ýeňşi bilen tamamlanýar.Ilkinji çempionlygyny baýram eden ýaponlaryň gollaryny Kogure (2), Suzumura, Higa hem-de Ono derwezä girizýär. Şeýlelikde, Ýaponiýanyň ýygyndysy 8-nji çempionatda ýeňiş gazanýar we kubogy eýelän 2-nji ýygyndy bolýar.Çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip, geçen ýyldaky ýaly ýene-de ýaponiýaly Keniçiro Kogure saýlanýar. 16 gezek tapawutlanan Wahid Şamsaei bassyr 6-njy sapar çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolýar.Çempionatda 28 oýunda 249 gol geçirilýär.

Çempionlygy yzyna alýar

Aziýanyň futzal çempionatynyň nobatdakysy 2007-nji ýylda Ýaponiýada geçirilýär.Has takygy 9-njy çempionat 2007-nji ýylyň 1319-njy maýy aralygynda Ýaponiýanyň Osaka hem-de Amagasaki şäherlerinde guralyp, oňa 16 topar gatnaşýar.

Ilkinji gezek gatnaşan topar bolmaýar.Duşuşyklar Osakadaky Merkezi arenada hem-de Amagasakidäki “Commemoration Park” sport toplumynda geçirilýär.A toparçada ýer eýeleri Ýaponiýanyň ýygyndysy örän şowly çykyş edýär. 3 oýunda 30 gol geçiren ýaponlar Filippinleriň ýygyndysyny 160, Gonkongy 80 hem-de Täjigistany 62 hasaplar bilen ýeňýär.

Gonkongy 64 utup, Filippinler bilen deňme-deň oýnan täjikler toparçada 2-nji orny eýeleýär.B toparçada Özbegistan bilen Tailandyň arasynda ýiti göreş bolýar.Tailandyň ýygyndysy Kuweýti 80, Yragy bolsa 74 ýeňýär. Özbegistanyň milli topary garaşylmadyk ýagdaýda Yrakdan 31 asgyn gelýär.

Olar 2-nji duşuşygynda Kuweýti 40 utýar. Özbegistan bilen Tailandyň arasyndaky oýunda ýeňiş Merkezi aziýalylaryň tarapynda bolýar. Çekeleşikli geçen oýunda özbekler 32 ýeňiş gazanyp, toparçada 1-nji orny eýeleýär.C toparçada Türkmenistanyň ýygyndysy hem çykyş edýär.

Ildeşlerimiz Awstraliýany Elman Tagaýewiň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär.Koreýa Respublikasyny 43 ýeňen gyrgyzlar ildeşlerimizden üstün çykýar.Olar Awstraliýa bilen deňme-deň oýnap, toparçada 1-nji orny eýeleýär.

Toparçada 2-nji ýere Awstraliýa mynasyp bolýar.D toparçada Eýranyň ýygyndysyna uly hasaply ýeňişler gazanmak kyn düşmeýär.Mohammad Taheriniň 3 gol geçiren oýnunda olar Liwany 84 ýeňýär. 2-nji duşuşykda Malaýziýadan 151 üstün çykýar.

Bu oýunda Wahid Şamsaei 6, Mohammad Haşemzadeh 3 gezek tapawutlanýar.Hytaý bilen geçirilen duşuşykda-da olar jogapsyz 8 pökgini garşydaşlarynyň torundan girizýär.Toparçada Hytaýy 42, Malaýziýany 92 ýeňen Liwan 2-nji ýeri eýeleýär.Çärýek finalda Özbegistan Täjigistany 31, Haşemzadehiň 3, Şamsaeiniň we Latifiniň 2 gol geçiren oýnunda-da Eýran Awstraliýany 80 ýeňýär. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Ýaponiýanyň ýygyndysy Tailandyň futzalçylaryndan 96 üstün çykýar. Ýaponlaryň 5 goluny Kogure öz adyna ýazdyrýar. Ýeňijisi goşmaça wagtdan soň belli bolan oýunda Gyrgyz Respublikasy Liwany ýaryşdan çykarýar (32, g.w.). Şeýlelikde, bassyr 3-nji gezek şol bir toparlar ýarym finala adyny ýazdyrýar.Ýarym finalda Ýaponiýa Gyrgyz Respublikasyny Suzumuranyň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär. 10 goluň geçirilen oýunda eýranly futzalçylar özbegistanly bäsdeşlerinden 73 üstün çykýar.Bürünç medal ugrundaky oýunda ýeňiş özbekleriň tarapynda bolup, gyrgyzlar 2-nji gezek 4-nji ýeri eýeleýär. 53 hasabynda tamamlanan duşuşykda özbekleriň gollaryny Buriýew (3), Mamedow, Oduşew, gyrgyzlaryň pökgülerini bolsa, Pestrýakow bilen Džetybaýew derwezä girizýär.Final duşuşygy Osakada, 5289 janköýeriň şaýatlygynda oýnalýar. Çekeleşikli geçen finalda Eýranyň ýygyndysy bu gezek ýalňyşmaýar. Ýaponiýaly janköýerleriň uly goldawyna garamazdan, ýer eýelerini 41 (Latifi 15, Taheri 26, Şamsaei 31, Mohammadi 37 — Higa 37) hasabynda ýeňen Eýranyň ýygyndysy 1 ýyldan soň, çempionlygy gaýdyp alýar we 9-njy çempionatdaky 8-nji ýeňşini baýram edýär.Çempionatyň iň ökde oýunçysy baýragyna Wahid Şamsaei mynasyp bolýar. 11 gol geçiren Şamsaei bu gezek iň netijeli oýunçy baýragyny mundan öňki 2 bäsleşigiň iň ökde oýunçysy saýlanan ýaponiýaly Keniçiro Kogurä aldyrýar.

Kogure 12 gol geçirip, bu hormata mynasyp bolýar. Ýaryşyň dowamynda 32 duşuşyk geçirilip, şolarda 234 gol hasaba alynýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýa bu gezek ýeňşe golaýlady
Özbegistan Bütindünýä Küşt olimpiadasynyň çempiony boldy
ŞAMSAEINIŇ ULY GOŞANDY
Futzal boýunça Aziýa çempionatlarynyň taryhyndan
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
Jalalzadeh: Amerikanyň adam hukuklary onlarça million adamy gurban etdi