Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklar 15 ― 19-njy iýul aralygynda Mary şäherinde dowam eder.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň paýlaşan senenamaasyna laýyklykda, bu ýerde ýaryşyň 7 ― 10-njy tapgyrlarynyň duşuşyklary geçiriler. Ýaryşa Aşgabat şäherine we Ahal, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryna wekilçilik edýän sekiz toparyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Şol sanda günbatar sebite Deňizçi we TNGIZT futzal toparlary wekilçilik edýär.
Türkmenistanyň häzirki çempiony Deňizçi futzal topary Mary welaýatyna duşuşyklaryň başlanmazyndan bir hepde öň bardy. Bu ýerde toparyň agzalary ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna giren Gadymy Merw ýadygärlikler toplumyna hem aýlanyp gördi.
Yzda galan alty tapgyrdan soň 16 utuk toplan Deňizçi Köpetdagdan 2 utuklyk tapawut bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ýaryş tertibiniň öňdäki üçlügini Gümrükçi jemleýär.
7-nji tapgyrda Deňizçi TNGIZT bilen duşuşar. Şeýle hem şol tapgyrda Daşoguz ― Ahal, Köpetdag ― Milli goşun we Gümrükçi ― Senagatbank duşuşyklary geçiriler.