Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Naýbaşy liganyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 120-den geçiren Köpetdag futzal topary Daşoguz şäherinde bolan 22-nji tapgyryň duşuşygynda Ahaly 10:2 hasabynda ýeňdi. Bu bolsa tapgyryň iň uly hasaply ýeňşidir.

Şeýlelikde, 22 tapgyrda 57 utuk ýygnan Köpetdag Deňizçi bilen bilelikde ýaryşyň başyny çekýär. 12 utukly Ahal bolsa iň soňky orundaky Milli goşundan bary-ýogy 2 utuklyk we bir basgançaklyk tapawut bilen öňde.

23-nji tapgyrda Köpetdag çempionlyk üçin esasy garşydaşy bolan Deňizçi bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyk 5-nji dekabr güni Aşgabat şäherinde geçiriler. Şol gün Ahal möwsümiň bürünç medaly üçin göreşýän Gümrükçi bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy