G7 Russiýanyň Ukrainanyň Kremençuk şäherindäki hüjümini harby jenaýat hökmünde häsýetlendirdi

G7 Russiýanyň Ukrainanyň Kremençuk şäherindäki hüjümini harby jenaýat hökmünde häsýetlendirdi

G7-ä agza ýurtlaryň liderleri, Ukrainanyň Kremençuk şäherinde söwda merkeziniň Russiýa tarapyndan raketalar bilen guran hüjümini harby jenaýat hökmünde häsýetlendirip, hüjümi ýazgardylar.

Germaniýada dowam edýän G7 Sammitinde liderler, beren umumy beýanatlary bilen söwda merkezine guralan hüjümi berk ýazgarýandyklaryny habar berdiler.

Beýanatda: "Bu wagşyçylykly hüjümiň bigünä ýagdaýda ýogalan adamlaryň ýasyny tutmak üçin Ukrainanyň ýanyndadyrys. Bigünä adamlara garşy tapawut goýmadan guralan hüjümler harby jenaýatdyr. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putinden we jogapkärlerden hasap soralar" diýip habar berildi.

Ukraina maliýe, ynsanperwer we harby taýdan goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan liderler: "Russiýa Ukraina garşy rehimsiz we manysyz söweşini bes edýänçä çenli dynç almarys" diýip mälim edildi.

Ukrainanyň Kremençuk şäherindäki söwda merkezini rus raketalar bilen hüjüm guralmagy netijesinde 16 adamyň ýogalandygy, 59 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşarlar
Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar