“Galaxy S21” smartfonlary tanyşdyryldy

“Samsung” kompaniýasy “Galaxy S21” seriýasyna degişli smartfonlaryny, şeýle hem “Galaxy Buds Pro” atly geçirijisiz gulaklygyny hödürledi.Ululygy 6,7 dýuýma deň bolan smartfon ulanyjylar üçin iň arzyly telefonlaryň biri bolar. Şahsy hem iş maksatlary bilen ulanýanlar üçin ýokary tehniki aýratynlyklary hödürleýän “Galaxy S21”, “Galaxy S21+” we smartfonlaryň yz tarapynda 3 kamera oturdylypdyr. Ýeri gelende bellesek, “Samsung” ýokary durlykda surata düşürýän telefon kameralaryny işläp taýýarlamakda hem öňdeligi eýeleýär.

Koreý brendiniň bu üstünligini täze tanyşdyrylan telefonlarynda hem görmek bolýar.Smartfonda düşürilen suratyň ýagtylygyny we beýleki kemçiliklerini düzedýän wirtual “foto studiýa” hem göz öňünde tutulypdyr.Seriýanyň iň ulusy bolan “Galaxy S21 Ultra” arkaly düşürilen suratlar beýlekilerden durulygy bilen görnetin tapawutlanýar.

Ululygy 6,8 dýuýmly “Dynamid AMOLED 2X” ekranly telefonyň selfi kamerasy hem dury surata düşürýär.Bu smartfonda “Galaxy S21” we “Galaxy S21+” görnüşlerinden tapawutlylykda 4 kamera oturdylyp, olaryň arasynda 12 MP durulygynda surata alýan ultragiň sensor hem-de 108 MP durulygynda surata alýan esasy sensor bar.

Bu görkezijileri hakykatdan hem ýokary bolup, birnäçe fotoapparatdan hem dury surata almaga mümkinçilik berýär.Smartfon bilen islendik yşyklandyryş şertinde surata düşürip bilersiňiz. “Bright Night” (ýagty tarap diýmegi aňladýar) atly tehnologiýa garaňky gijede-de aýdyň surata düşmäge mümkinçilik berýär.

Hünärmenler üçin 12 bitli RAW faýl görnüşli, ýörite redaktirleme sazlamalary hem bar.Täze “Galaxy” smartfonlary arkaly 60 Mp/sekunt tizliginde 4K durulygynda ýazgy edip bolýar. Şeýle hem smartfon redaktirlemekde we çyzuwda amatly bolan ýörite galamy (S Pen) hem goldaýar. “Bluetooth AirActions” arabaglanyşygy bilen bolsa, standart we has ýokary “S PenPro”-dan peýdalanyp bolýar. “UWB S21 Ultra” we “Galaxy S21 +” smartfonyňyzy sanly awtoulag açary hökmünde hem ulanyp bolýar.

Sanly açary beýleki smartfon ulanyjylary bilen aňsatlyk bilen paýlaşyp bolýar.Smartfonlaryň çal, gara we kümüşsöw reňklileri müşderilere ýetiriler. Şeýle hem isleg bildirýänlere titan, gök we bürünç reňk görnüşleri aýratyn sargyt esasynda elýeterli bolar.

360 dereje ses

Brendiň ýene bir täzeligi “Galaxy Buds Pro” simsiz gulaklygy bolup, “360 Audio” tehnologiýasy daş-töweregi ses dury ses bilen üpjün edýär.Bu enjam gepleşilýän wagtyňyz tanap, daş-töweregiňizdäki sesleriň eşidişini awtomat ýagdaýda düzedip, basyp ýa-da güýçlendirip bilýär. Ýörite sazlamasy bilen bolsa gepleşýän wagtyňyzda, şemal ýa-da başga bir galmagally seslerine böwet bolýar we sesleriň arassa, düşnükli eşitmekligiňize ýardam edýär. “Galaxy Buds Pro” doly zarýad berlenden soňra 18 sagat ulanyp bolýar.

Gulaklyklaryň gara, ak, syýa reňkli görnüşleri satylar.

The post “Galaxy S21” smartfonlary tanyşdyryldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Smartfon satuwynda birinji
Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy