Garagum syýahat konsalting kompaniýasy Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga ýardam edýär

Garagum syýahat konsalting kompaniýasy Russiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga ýardam edýär

Garagum syýahat konsalting kompaniýasy Halkara Ykdysady Merkez bilen hyzmatdaşlykda Educationruss taslamasynyň esasynda dünýäniň we Russiýanyň iň baýry ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän türkmen raýatlaryna we beýleki daşary ýurtly dalaşgärlere hyzmatlary ýetirýär.

Kompaniýa Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlykda bolup, dürli ýokary okuw mekdebine okuwa girmegiň tertibi, okuw şertleri we talyp durmuşy barada doly maglumatlary berýär.

Educationruss taslamasynyň topary şu hili hyzmatlary hödürleýär:

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde iň köp isleg bildirilýän ugurlara ykdysadyýet, lukmançylyk, dil öwreniş, menejment, programma inženerçiligi, nebit-gaz hünärmeni, halkara gatnaşyklary ýaly ugurlar degişli.

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim alýan talyp ýaşlarynyň sany boýunça Türkmenistanyň dördünji orunda (30,6 müň adam) durýandygyny bellemeli.

Garagum syýahat kompaniýasy bilim ulgamy boýunça maslahat beriş kärhanalarynyň hatarynda ilkinji orunda durýar we eýýäm onuň ýardamy bilen 1000-den gowrak ýaşlar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler. Kompaniýa hyzmatlarynyň hilini kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:

Ýene degişli makalalar

Garagum Ulag kompaniýasy Toyota-nyň ýokary standartlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek tassyklady
Rowachlan Galkynysh daşary ýurtly telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar
Belli Tilsimat 1C programmasy boýunça intensiw okuwlary ýola goýýar
Regus Aşgabatda: amatly iş gurşawy indi birnäçe ädim uzaklykda
Sarayan HJ Aşgabatda geçýän giň gerimli sergide ýörite iş eşikleriniň we gulluk lybaslarynyň görnüşlerini görkezer
Post Shop onlaýn dükany: Türkmenpoçta bilen eltip bermegiň amatly şertleri
Şir Ýag zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar