Gazagystanda saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmakçy bolýarlar

Gazagystanda saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmakçy bolýarlar

Gazagystanyň Ekologiýa ministrligi ýurduň çägindäki saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmaga başlar. Bu goşa toýnaklylary atmak barada karar kabul edildi diýip, MIR24 habar berýär.

Ministrlikde saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmagyň möhümdigini aýdýarlar.Soňky hasaplamalara görä, olaryň sany 1 milliondan hem agypdyr.Saýgaklaryň sany 2014-nji ýylda 250 müňden sähel köpdi.Olaryň ýarysy 2015-nji ýylda pasterellez keselinden pida boldy. Şonda häkimiýetler olary atmaga doly gadaganlyk girizdi, bikanun awlamak we şahlaryny satmak boýunça jeza çärelerini berkitdi.

Soňky birnäçe aýda saýgaklaryň sany görnetin artdy we jandarlar käbir sebitlerde kynçylyklary döredip başlady.

Saýgaklaryň Gazagystanyň günbatar sebitinde has köpelendigi habarda bellenýär, özem olar ural populýasiýasyna degişlidir. Häzir bu görnüşiň ýurduň sähralyklarynda 800 müňden gowragy bar. Olaryň sanyny kadalaşdyrmak üçin 10 göterimini ýok etmek maksat edinilýär. Ýerli daýhanlar bu jandarlaryň öz ýerlerine girip, ekinleri haraplaýandygyndan zeýrenýärler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär
Russiýa Gazadan ewakuasiýa edilen raýatlary barada maglumat berdi
Türkmenbaşyda ogurlyk hadysalary ýygjamlaşdy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Hazar deňzi boýunça ylmy barlag instituty dörediler
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi