“Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

“Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

“Gazprom” 2020-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistandan 3,2 mlrd kub metr tebigy gaz satyn aldy. 2019-njy ýylyň degişli döwründe 2,6 mlrd kub metr türkmen tebigy gazy import edildi. Bu barada “Interfaks” agentligine salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 3 çärýeginde “Gazprom” Gazagystandan 5,1 mlrd kub metr tebigy gaz satyn aldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwründe 8,2 mlrd kub metre barabar boldy.

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda kompaniýa Özbegistandan gaz satyn almagyny togtatdy. Kompaniýa 2020-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça 20 mln kub metr özbek gazyny satyn alandygyny mälim etdi. 2019-njy ýylda “Gazprom” Özbegistandan 7,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy.

2019-njy ýylyň iýul aýynda “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” Döwlet konserninden 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli tebigy gaz satyn almak boýunça 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Türkmenistan “Gazproma” geçen ýyl 10,6 milliard kubmetr tebigy gazy satdy
Azerbaýjan Trasnkaspiý gaz geçiriji baradaky taslamany goldar, emma, inisiatiwany Türkmenistan etmeli
Brent nyşanly nebitiň bahasy arzanlady
Ukrainanyň Baş Ştaby: "9 müň esger ýogaldy" diýdi
Türkmenistan Azerbaýjana 31 million dollardan gowrak gaz iberdi
Amerikaly zenan uzyn dyrnaklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi