2022-nji ýylyň 2-3-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherindäki Awaza milli syýahatçylyk zolagynda gender deňligi boýunça iki günlük maslahat geçirildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiligini berkitmek taslamasynyň çäginde guralan bu çärä ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara we milli hünärmenler gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýanlar ähli ugurlar boýunça aýallaryň we erkekleriň arasyndaky deňligi kepillendirýän milli kanunçylygy, şeýle hem 20212025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň gender deňligi boýunça Milli Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalarda Türkmenistanyň BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalara we bu ugurdaky milli kanunçylyga laýyklykda, gender deňligini milli maksatnamalara we strategiýalara birleşdirýändigi we aýal-gyzlaryň hukuklarydyr mümkinçiliklerini giňeldýändigi bellenildi.