Germaniýa Ukraina Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer

Germaniýa Ukraina Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Russiýa garşy söweşýän Ukraina “Iris-T”kysymly howa goranyş ulgamlaryny berjekdiklerini mälim etdi.

Olaf Şols Federal Mejlisde eden çykyşynda, Germaniýanyň ähli mümkinçilikleri bilen Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

Germaniýanyň Federal Kansleri “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin maksadyna ýetmeli däl” diýdi.

Germaniýanyň Ukraina maliýe we ýarag kömegini berendigini aýdan Şols, hökümetiň “Iris-T” kysymly döwrebap howa goranyş ulgamynyň Ukraina berilmegi barada karar kabul edendigini belledi.

Şols “Şeýlelikde, Ukrainany rus howa hüjümlerine garşy uly şäheri gorap biljek ýagdaýa getirýäris” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Şols, Ukraina şeýle hem döwrebap radar ulgamlaryny berjekdiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Russiýa-Gyrgyzstan Bilelikdäki Howa Goranyş Ulgamyny Döreder
Ysraýyl, Germaniýa “Arrow 3” Raketa Goranyş Ulgamyny Satar
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
“Howa Goranyş Ulgamlary Ukrainanyň Howpsuzlygyna Goýlan Iň Uly Maýa Goýum”
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi