Gollandiýada we Şwesiýada Öndürlen Harytlaryň Boýkot Edilmegi Çagyryşy, Şwesiýany Aladalandyrdy

Gollandiýada we Şwesiýada Öndürlen Harytlaryň Boýkot Edilmegi Çagyryşy, Şwesiýany Aladalandyrdy

Müsürdäki Al Azher uniwersitetiniň ähli musulmanlara, Gollandiýada we Şwesiýada öndürlen harytlary boýkot etmek çagyryşy, Şwesiýanyň hökümetini aladalandyrdy.

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson, SWT telewideniýesine beýannama berdi.

Kristersson, Al Azher uniwersitetiniň boýkot çagyryşynyň, Şwesiýanyň musulman ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini belledi.

Daniýaly aşa sagçy syýasatçy Rasmus Paludan, 21-nji ýanwarda, Türkiýäniň Stokgolmdaky ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakypdy.

Şwesiýanyň howpsyzlyk güýçleri Paludanyň ýanyna kimdir biriniň barmagyna rugsat bermändi.

Gollandiýada bolsa rasist hereketiň lideri Edwin Wagensweld 23-nji ýanwarda Gaga şäherinde Gurhany ýyrtypdy.

Müsürdäki Al Azher guramasy hem ähli musulmanlara Gollandiýada we Şwesiýada öndürlen önümleriň boýkot edilmegi üçin çagyryş beripdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Gollandiýada Gurhana Edilen Äsgermezçiligi Ýazgardy
Gurhana Garşy Guralýan Hüjümlere “Söz Azatlygy” Bahanasy Bilen Rugsat Berilmegini Kabul Etmeris
Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly Russiýa garşy bildirilýän reaksiýalar artýar
Türkmen aktiwisti Amsterdamda protest geçirip, öz problemasyna ünsi çekmek isleýär
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Antalýa Ýanwar Aýynda 229 Müň 97 Syýahatçy Geldi
Russiýa Bilen Söweşe Taýýarlykly Bolunmaly