Golliwudda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň köp hak tölenýän aktýor Adam Sendler boldy, ol geçen ýylda 73 million dollar girdeji gazandy.
Ikinji orunda aktrisa Margo Robbi ýerleşdi, onuň girdejisi geçen ýyl 59 million dollara deň boldy, aktrisa girdejileriniň esasy bölegini Barbi, Asteroidler şäheri we Soltbern filmlerindäki keşpleri üçin gazandy.
Golliwudyň iň köp girdejili aktýorlarynyň ilkinji üçlügini Tom Kruz jemledi, ol 45 million dollar girdeji toplady. Ol 35 million dollary Işi ýerine ýetirip bolanok: Ölüm howply haklaşyk atly filmdäki keşbi üçin gazandy diýip, Forbes neşirine salgylanýan MIR 24 habar berýär.
