“Gucci” kriptopul tölegini kabul eder

Gymmat bahaly harytlary öndürýän kompaniýalar blokçeýn tehnologiýasyny döredýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Şeýle brendleriň biri bolan “Gucci” ABŞ bazarynda müşderilerden kriptopul kabul edip başlady. Italýan moda ägirdi Nýu-Ýork, Los-Anjeles, Maýami, Atlanta we Las-Wegas şäherlerindäki käbir dükanlarynda sanly puluň kabul edilýändini mälim etdi.

Kriptopul bilen söwda etmek Demirgazyk Amerikadaky dükanlarda tomus aýlarynyň ahyrynda mümkin bolar. Kompaniýanyň söwda nokatlarynda “Bitcoin”, “Bitcoin Cash”, “Ether”, “Dogecoin” we “Shiba” ýaly jemi 10 kriptopul kabul ediler.

“Philipp Plein” atly moda dizaýn kompaniýasy hem geçen ýyldan bäri onlaýn söwdada kriptopul kabul edýär.

Gowşut Atajanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Kriptopul kabul eder
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
“Atlanta” Messiniň gol geçiren 100-nji kluby
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny kabul edýän şäherler belli boldy
ФИФА опубликовала список городов-хозяев ЧМ-2026