Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Habar berşimiz ýaly, şu günler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolýar. Saparyň çäklerinde, şu gün Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol kabul etdi. Bu barada resmi koreý elektron neşirleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Seul şäherindäki Prezidentiň edara ediş merkezinde geçirilen türkmen-koreý gepleşikleriniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ýun Sok Ýol Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we saparyň dowamynda geçirilýän gepleşiklere ýokary baha berdi.Habar berlişi ýaly, şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy.

Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ýaly dürli ugurlarda ýakyn gatnaşyk alnyp baryldy we hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmek üçin baý mümkinçilikler toplanyldy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti şular barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana Prezidentlik eden ýyllarynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň geriminiň has-da giňändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň hem täze derejelere çykjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherine gelmäge çakylyk, şeýle-de saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň ýokary derejede geçirilmegine ähli şertleriň döredilendigi üçin, koreý tarapyna hoşallygyny beýan etdi.Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda energiýa we senagat-önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde koreý kompaniýalarynyň uzak ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geriminiň geljekde has-da giňeljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Koreýa bilen sport, syýahatçylyk we lukmançylyk ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerinde koreý dilini öwretmek işleriniň ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Şunda 25-nji oktýabrda Busanda üstünlikli geçirilen 15-nji Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň ähmiýetine we netijelerine ýokary baha berildi. Şeýle-de 2023-nji ýylda 16-njy Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada pikir alşyldy.

Taraplar duşuşygyň dowamynda başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri bilen duşuşdy
Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.