Gyrgyzystanda Prezident we Parlament Saýlawlary Öňümizdäki Ýyl Geçiriler

Gyrgyzystanda Prezident we Parlament Saýlawlary Öňümizdäki Ýyl Geçiriler

Gyrgyzystanda Prezident we Parlament saýlawlarynyň konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizileninden soň geçirilmegi barada karara gelindi

Gyrgyzystanda Prezident we Parlament saýlawlarynyň konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizileninden soň geçirilmegi barada karara gelindi

Gyrgyzystanyň Mejlisinde düýn agşam Prezident we Parlament saýlaw gününiň yza süýşürilmegi bilen bagly kanun taslamasy kabul edildi.

Mejlisdäki 6 syýasy partiýanyň goldaw bermeginde kabul edilen kanun taslamasy, konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizileninden soň, iň giýç 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli, parlament saýlaw gününiň yglan edilmegini göz öňünde tutýar.

Merkezi Saýlaw Komissiýasy birnäçe gün ozal bolsa, 4-nji oktýabrda geçirilen umumy saýlawlaryň netijesiniň bes edilmeginden soň, konstitutsiýa laýyklykda täze saýlawyň 20-nji dekabrda geçiriljekdigini mälim edipdi.

Ýurtda 5-6-njy oktýabrda bolan protestlerde tussaghanadan çykarylan Milletçi Ata Ýurt partiýasynyň ozalky deputaty Japarow, Premýer ministrlik wezipesinden daşary, Prezident Sooronbaý Jinbekowyň wezipesinden çekilmeginden soň, Prezident wezipesini hem öz üstüne aldy.

Al-Maýadin teleýaýlymynyň 15-njy oktýabrda beren habaryna görä, "Soronbaý Jinbekow" Gyrgyzystanda dowam edýän syýasy dartgynlyga yşarat edip, ýurduň bitewiligini, halkyň jebisligini we jemgyýetiň asudalygyny goramagyň iň möhüm meseledigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti şeýle-de syýasy çaknyşykdaky taraplary öjikdiriji hereketlerini bes etmäge çagyrdy.

Gyrgyzystanda gozgalaňlar ýakynda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri yglan edilenden soň başlandy, şondan soň saýlaw komissiýasy köpçülikleýin nägileliklerden soň duşenbe güni agşam netijeleri ýatyrdy.

Netijelere görä dört partiýa parlamente girdi we beýleki 12 partiýa 120 agzaly Gyrgyzystanyň mejlisine girmek üçin 7% gerek sesi alyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda akylly şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi
Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär
Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine suw joşgunlary zerarly gynanç bildirdi