Gysga hekaýalaryň ussady

Amerikan ýazyjysy, gysga hekaýalar žanrynyň tanymal ussady O. Genriniň hakyky ady Wilýam Sidneý Porter bolup, 1862-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Grinsboro şäherinde lukman maşgalasynda dünýä inýär. Ol üç ýaşyndaka ejesi aradan çykyp, daýzasynyň terbiýesini alýar. Daýzasy Ewelino Porteriň öz hususy mekdebi bolup, Wilýam hem şol ýerde başlangyç bilim alýar.

Wilýam 1879-1881-nji ýyllarda daýysynyň dermanhanasynda işleýär, ýöne soňra saglyk ýagdaýy sebäpli Tehasa gitmeli bolýar. 1882-nji ýylda Ostin şäherine gelip, dermanhana işgäri, bank gullukçysy we habarçy bolup işleýär. Porteriň ilkinji edebi synanyşyklary 1880-nji ýylda ýüze çykýar. Ol 1887-nji ýylda Atol Estes bilen durmuş gurup, olaryň Margaret atly gyzy dünýä inýär.

1894-nji ýylda Wilýam Porter Ostin şäherinde The Rolling Stone atly hepdelik žurnal çykaryp, onda özüniň dürli eserlerini çap edýär. Žurnal ýapylansoň, Porter maşgalasy bilen Hýustona göçüp barýar we ol ýerdäki ýerli gazetleriň birinde habarçy, karikaturaçy bolup işleýär.

1896-njy ýylda onuň durmuşynda agyr günler başlanyp, Täze Orleandan Gondurasa gitmäge mejbur bolýar. 1897-nji ýylyň fewralynda aýalynyň saglygynyň pesdigini eşidip, Ostine dolanýar. Atol Estes 1897-nji ýylyň 25-nji iýulynda aradan çykýar. Ömrüniň kyn günlerinde ýazyjy öz eserlerini O. Genri lakamy bilen ýazyp başlaýar. 1902-nji ýylda O. Genri Nýu-Ýorka gelýär.

1903-nji ýylda ýazyjy Nýu-Ýorkda çap edilýän World neşiri bilen ylalaşyp, her hekaýasyndan 100 dollar gazanýar. Netijede, onuň girdejisi meşhur amerikan ýazyjylarynyň ýyllyk girdejisi bilen deňleşýär. O. Genri önjeýli işläp, dürli döwürleýin neşirlerde hem hekaýalaryny çap etdirýär.

Ýazyjy ömrüniň ahyryny ýalňyzlykda geçirip, Nýu-Ýorkuň myhmanhanalarynyň birinde ýaşaýar. Ol ahyry agyr hassalyga uçrap, 1910-njy ýylyň 5-nji iýunynda aradan çykýar.

Häzirki hödürleýän eserimiz O. Genriniň 1905-nji ýylda ýazan iň oňat hekaýalarynyň biridir. Hekaýanyň baş gahrymanlary, eli ýuka är-aýal Jim we Della biri-birine sowgat bermek üçin iň arzyly zatlaryny satmaly bolýarlar. Bu gülküli we gynandyryjy hekaýa gahrymanlaryň hakyky paýhasyny birek-birege bolan çyn söýgüsini we wepadarlygyny açyp görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Ýeke-täk golýazma internete goýuldy
Paýhaslar
Mask “Tesla”-nyň baş direktory wezipesine mümkin bolan oruntutaryny saýlady
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Pikiri okaýan emeli aň
Dünýäniň iň garry pişigi