Gyşky ýaşlar Olimpiýa oýunlary tamamlandy

Ýaşlaryň arasyndaky Bütindünýä III gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen sport baýramçylygynda medal sanawy boýunça Russiýa bilen ýer eýesi Şweýsariýanyň arasynda ýiti göreş gitdi.Ahyrynda altyn medallary deň bolan iki ýurduň türgenlerinden russiýaly olimpiýaçylar kümüş medalda artykmaçlyk görkezdi. 14 günläp dowam eden ýaryşda 10 altyn, 11 kümüş, 8 bürünç, jemi 29 medal alan Russiýanyň ýygyndysy birinji orny eýeledi. 10 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç, jemi 24 medal alan şweýsarlar 2-nji orna mynasyp boldy.

Gyşky sport görnüşlerinde öňdebaryjylaryň hatarynda görkezilýän Ýaponiýa 9 altyn, 7 kümüş, 1 bürünç medal bilen 3-nji ýeri eýeledi.Garyşyk toparyň agzalary, şwesiýaly, awstriýaly türgenler 6 altyn medal gazandylar.Umumylykda 24 ýurduň türgeni azyndan 1 altyn, şeýle-de 33 ýurduň türgeni azyndan 1 medal almagy başardy.

Oýunlaryň dowamynda 2 rekord goýlup, figuralaýyn typmakda jübütleýin görnüşde russiýaly Apollinariýa Panfilowa bilen Dmitriý Rylow iň ýokary utugy gazandy.Konkili typmak boýunça gyzlaryň arasyndaky 1000 metr ýaryşda koreýaly Seo Whi-min 1 minut 27,692 sekuntda pellehana geldi.

Dag lyžasy boýunça şwesiýaly Adam Hofstedt, şweýsariýaly Amelie Klopfenstein, snoubordda şweýsariýaly Walerio Jud, fristaýl görnüşinde hytaýly Gu Ailin goşa altyn medal gazanan türgenler boldy.Hokkeýde oglanlaryň arasynda Russiýanyň, gyzlaryň arasynda Ýaponiýanyň ýygyndylary münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.

Gyşky sport görnüşleriniň 16-sy boýunça geçirilen bu oýunlara 79 ýurtdan 1872 türgen gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, FlyDubai Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar
Türkmen howa ýollary Moskwa uçuşlaryň möçberini artdyrar, Türkmenistana ýakyn wagtda yssy günler gaýdyp geler, Balkan welaýatynda täze prokuratura binasyny gurmak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar
Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Özbegistan türkmen nebitini satyn almak barada ylalaşdy, Aşgabat we Kazan göni howa gatnawy bilen birleşer, russiýaly telekeçiler 2023-nji ýylyň aprelinde Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar