Habib 2020-nji ýylyň iň gowy demikdiriji emeli üçin UFC-niň baýragyny aldy

Habib 2020-nji ýylyň iň gowy demikdiriji emeli üçin UFC-niň baýragyny aldy

Başa-baş göreşiň garyşyk stiliniň russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow UFC-niň “Ýylyň sabmişni” baýragyna mynasyp boldy. Baýragy alandygy barada ol Instagramda habar berdi diýip, eurosport.ru belläp geçýär.

Ol baýragy oktýabr aýynda amerikaly Jastin Getjini ýeňende ulanan “üçburçluk” demikdiriji emeli üçin aldy. Söweşden soň Habib karýerasyny tamamlaýandygyny habar beripdi. Habib 24-nji ýanwarda Abu-Dabide geçiriljek UFC 257 turnirinde Dastin Porýe bilen Konor Makgregoryň arasyndaky rewanşdan soň UFC dolanyp biler diýlip habar beriş serişdelerinde gürrüň edilýär.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Habib bedeniňi sagdyn saklamak boýunça maslahatlaryny berdi
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy