Rus söweşijisi Habib Nurmagomedow agram kategoriýasyna garamazdan, UFC-niň jemlenen reýtinginde birinji orny eýelemegi başardy. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.
Reýtingiň täzelenen görnüşi sişenbe güni neşir edildi. Şeýle-de, ol ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde hem liderlik edýär.Iň ýeňil agramlylaryň reýtinginde birinji orunda Russiýanyň ýene bir wekili Pýotr Ýan durýar.
Rus söweşijileriniň ikisi-de öz agram derejelerinde UFC-niň çempionydyr.Jemlenen reýtingde birinji orny Nurmagomedow 27-nji oktýabrda, ýagny amerikaly Jastin Getjini ýeňenden birnäçe günden soň eýeledi.Russiýaly söweşiji ABŞ-nyň wekilini Abu-Dabide UFC 254 turnirinde ýeňdi, şondan soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Şeýlelik bilen, Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreşde ýeňilmedik söweşiji bolmagynda galýar, onuň hasabynda 29 söweşde 29 ýeňşi bar.
Olardan 13-si UFC-niň çäklerinde gazanyldy.