Halk Maslahaty: demokratik ösüşiň täze tapgyry

Halk Maslahaty: demokratik ösüşiň täze tapgyry

Golaýda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi.Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanan hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň, hususan-da, onuň ýokarky palatasy bolan Halk Maslahatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

Esasan, 5 ugurdan ybarat bu wezipeler dogrusynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirýäris.

Merettagan TAGANOW,Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy:

— Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlary, öňde goýýan wezipeleri, öwüt-ündewleri biziň üçin ýolgörkeziji hem-de halka, Watana wepaly gulluk etmegiň ýörelgesidir.

Mejlisde Türkmenistanda adamyň we raýatyň Esasy Kanunymyzda berkidilen hukuklaryna, azatlyklaryna, geljekde hem olary goramaga aýratyn üns çekildi.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.

Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar.

Her bir adamyň ýaşamaga we ony amala aşyrmagyň erkinligine, zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, saglygyny gorap saklamaga hukugy bardyr.

Raýatlaryň saýlaw, syýasy hukuklary hem goralýar.Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga, ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna, jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa we beýlekilere hukugy bardyr. Ýurdumyzda her bir adama pikir hem-de söz azatlygy kepillendirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň döwletimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerini netijeli ösdürmelidiklerini belledi. Milli Geňeşiň iki palataly ulgamy ýurdumyzda demokratiýany pugtalandyrmaga, ilkinji nobatda, adamlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga hyzmat eder.

Guwançmyrat AGAÝEW,Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy:

— Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly düzümi döwlet gurluşynyň esaslaryny kämilleşdirmekde täze ädimdir. Taryhy günde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň açylmagy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň guramaçylyk meselelerine seredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň biragyzdan onuň Başlyklygyna saýlanmagy ähli ildeşlerimizi çäksiz buýsandyrdy.

Halk Maslahatynyň jemi 5 komiteti bolup, hormatly Prezidentimiz onuň işiniň esasy ugrunyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen baglydygyny belledi. Munuň üçin milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategik ugurlary kesgitlendi. Senagaty ösdürmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, býujet, salgyt, bank ulgamlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, kämil kanunlaryň kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky abraýyny artdyrar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan çig mal öndürýän döwletden ösen senagat ýurduna öwrüldi. Geljekde-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat zolaklaryny ösdürmek, gurluşyk pudagynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly ugurlara aýratyn üns berildi.

Milli Liderimiz mejlisde Maslahatly biçilen don gysga bolmaz diýen halk pähimini ýatlady.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen agzybirlikde, ylalaşykly işlemelidigi, geňeşleriň ýolbaşçylary, arçynlar bilen duşuşyp durmalydygy, ähli ugurlarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilmelidigi, täze teklipleriň taýýarlanmalydygy hakynda aýdyldy.

Munuň üçin halkyň saýlan wekilleri ýerlerde bolup, yzygiderli pikir alyşmalar geçirerler. Ähli sebitlerde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, durmuş maksatly desgalaryň elýeterliligini gazanmak, döwlet goldawyna mätäç adamlaryň aladasyny etmek hem esasy meseleleriň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde hususyýetçiligi goldamaga aýratyn üns berdi, hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşlerini gözlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň agzybirlikde, jebislikde işläp, halkymyzyň, döwletimiziň bähbidine beýik işleri bitirjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiziň ynamyny ödemek biziň baş maksadymyzdyr.

Bahar SEÝIDOWA,Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygy:

— Gahryman Arkadagymyz döwletimizi ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty boýunça ösdürmegiň anyk wezipelerini kesgitläp berdi. Häzirki wagtda bu ugurlarda halkara guramalar bilen bilelikde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.

Milli gymmatlyklarymyzy, baý mirasymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň bu ugurlarda ýerine ýetiriji häkimiýet hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen işleşmelidigi mejlisde aýratyn üns berlen meseleleriň biri boldy.

Milli Liderimiziň demokratiýanyň maşgaladan başlanýandygy, onuň ahlagyň, gymmatlyklaryň goragçysy bolup durýan ilkinji guramadygy hakynda aýdanlary öňdengörüjiliklidir. Ýurdumyzda her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan goraglylygy üpjün edilýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşi maşgalany goramaga gönükdirilen işlere işjeň gatnaşmalydyr, türkmen maşgalasynyň esaslaryny berkitmelidir.

Bilim ulgamyny özgertmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde aýdylyşy ýaly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlara häzirki zaman bilimleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek, sanly bilim ulgamyna geçilmegi dowam etmek boýunça döwlet syýasatynyň rowaçlanmagy, ilkinji nobatda, kämil hukuk binýadyna baglydyr.

Bulardan başga-da, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlaglaryň netijeliligini gazanmak, sanly tehnologiýalary ähli ulgamlara ornaşdyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselelerine üns çekildi.

Çarygeldi BABANYÝAZOW,Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygy:

— Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň öňünde goýan wezipeleriniň biri-de sebitleýin ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, agrosenagat toplumynda özgertmeleri ilerletmekdir. Şoňa görä-de, oba özgertmelerini amala aşyrmagy dowam etmek, sebitleri deň derejede ösdürmek syýasatyny alyp barmak boýunça kanunçykaryjylyk işi has-da kämilleşdiriler. Şunuň bilen bagly kabul ediljek çözgütler döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Mejlisde seredilen meseleleriň ýene biri milli baýlyklarymyzy goramak bilen bagly boldy.Milli Liderimiz türkmen tebigatynyň gözelligini, arassalygyny, amatly daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak hakynda anyk wezipeleri kesgitledi.

Bulardan başga-da, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, ýerleri oýlanyşykly özleşdirmek, ekerançylygy, maldarçylygy, tohumçylygy ösdürmek we olara ylmy esasda çemeleşmek hakynda aýdyldy.Bu wezipeleri ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmelidigi, ýurduň Hökümeti bilen bu ugurda netijeli işleri alyp barmalydygy tabşyryldy.

Taryhy mejlise ýurdumyzyň çar künjeginden halkyň wekilleri gatnaşyp, türkmen döwletliliginiň nusgasy bolan kanun çykaryjy häkimiýetiň iki palataly täze düzüminiň işinde, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda uly rowaçlyklary arzuw etdiler.

Mähri BÄŞIMOWA,Halkara meseleler baradaky komitetiň başlygy:

— Geljekde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň netijeli işlemeli ugurlarynyň biri-de halkara gatnaşyklar bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň onuň işine hemişe goldaw berjekdigi hakynda aýdanlary, döwlet häkimiýetiniň esasy şahalarynyň biri bolan milli parlamentiň palatalarynda türkmen jemgyýetini has-da jebisleşdirjek, ruhlandyrjak kanunlaryň kabul ediljekdigine ynam bildirmegi bizi has-da buýsandyrýar.

Türkmenistan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny goldaýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiz hemişe dünýä tejribesi bilen tanyşmalydygymyzy, iň öňdebaryjy gazanylanlary milli kanunçylyga ornaşdyrmalydygymyzy nygtady.

Biziň döwletimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, bu dereje onuň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Şunuň bilen baglylykda, hemişelik Bitarap döwletiň kanun çykaryjy edarasynyň halkara meselelere aýratyn üns bermelidigi, dürli ýurtlar bilen wekiliýetleri alyşmak, ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etmek hakynda aýdyldy.

Halkara hukuk resminamalaryny taýýarlamak, Açyk gapylar syýasatyny geljekde-de rowaçlandyrmak, daşary ýurtly maýa goýujylara amatly şertleri üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerinden ugur alyp, oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Milli Liderimize berk jan saglyk, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

Türkmenistan.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26300

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Talyplar Arkadag şäheriniň 1072 öýünde suwy, gazy we elektrik energiýasyny hasaplaýjy gurluşlary ornaşdyrdylar
Türkmen söweş sungaty ussatlary başa-baş söweş boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
31.08.2018 | Türkmen topary “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýar