“Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar türkmen medeniýeti, türkmen sungaty”

“Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar türkmen medeniýeti, türkmen sungaty”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy “Ylham” seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar türkmen medeniýeti türkmen sungaty” ady bilen baýramçylyk çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungatderejesine ýetirilen zergärçiligi, küýzegärçiligi bilen umumyadamzat medeniruhy gymmatlyklary şeýle-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen günsaýyn kuwwatlanýan ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pragynyň şygyrýet gününiň bilelikde uly dabaralara beslenip geçirilmegi Watanymyzyň durmuşynda möhüm waka öwrülendigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Bedew - türkmen üçin bagtyň başydyr
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň beýik şahyry
Türkmençilik näme ýa-da däp-dessurlar nädip propagandanyň esasy guralyna öwrüldi?
Işi rowaç ýurda bahar gelipdir
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary