Has çalt okamak mümkinmi?!

Häzirki wagtda okamak, telewizora tomaşa etmek, radio diňlemek we internetden peýdalanmak, şeýle hem surata seretmek arkaly täze zatlary öwrenýäris.Emma, esasan, okamak arkaly öwrenilýär.Näçe köp okalsa, şonça-da köp zat öwrenilýär.

Eýsem, has çalt okap, has köp zat öwrenmek mümkinmikä?!Ilki bilen, köp okamak däl-de, okan zadyňa düşünmegiň, öwrenmek üçin peýdalydygyny unutmaň!Çalt okamak barada geçirilen barlaglaryň netijesinde, okamagyň göz bilen beýniniň arasyndaky gatnaşyk bilen bolup geçýändigi mälim edildi.

Bu gatnaşyga başga zatlar goşulanda bolsa, okamak tizligi peselýär.Mysal üçin, sesli okamak beýni bilen gözüň arasyndaky gatnaşygyň tizligini peseldýär. Ýagny, sesli okamak hem okamak tizligini peseldýär.Edil şolar ýaly, dodagyňy gymyldadyp okamak hem şeýle netije berýär.

Eger çalt okamak isleýän bolsaňyz, diňe gözüňiz bilen okamaga synanyşyň!Käbir adam has gowy düşünerin diýen pikir bilen haýal we batly ses bilen okaýar.Islendik tekstiň çalt okalmagy, oňa düşünilmegi gijikdirmeýär ýa-da haýallatmaýar. Şol sebäpli, mümkingadar çalt okamaga synanyşyň!

Ilkibaşda düşünmeýändirin öýtseňiz hem, gysga wagtdan okan zadyňyza düşünýändigiňize göz ýetirersiňiz.Okamagyň tizligini peseldýän ýene bir zat ünsi şol bir söze gönükdirmekdir.Bir wagtda birnäçe sözi görüp biljek derejede teksti uzakdan okasaňyz, gözüňiz ýadamaz.

Gözüň ýadamagy hem okamak tizligiňizi peseldýär. Şol sebäpli, okanyňyzda gözüňizi ýadatmajak boluň!Okanyňyzda kitap bilen gözüňiziň aralygyndaky uzaklygy sazlamak we yzygiderli okamak “maşkyny” ýerine ýetirseňiz, minutda 1000 sözi okap hem oňa düşünip bilersiňiz.Bilermenler çalt okamagy öwrenmegiň iň aňsat ýolunyň yzygiderli “maşk etmekdigini” belleýärler.

Okamagyň size köp zat öwretjekdigi ikuçsuzdyr!

Ýene degişli makalalar

Çalt ýöremek maslahat berilýär
Gorkýaryn…
Aşgabatda germaniýaly pianinoçylar Marsel Dorna bilen Ştefan Weýiň konserti geçirildi
OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy emeli intellekt bilen bagly duýduryş berdi
Saglyk üçin 10 müň ädim
Türkmenistanyň Prezidenti EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara