Haýsy ýurtlaryň ilaty azalýar?

BMG-niň ilat gaznasy şu ýylyň aprelinde Hindistanyň Hytaýdan ozduryp, iň köp ilatly ýurt boljakdygyny mälim edipdi.Munuň Hytaýyň ilatynyň ösüşiniň Hindistanyňkydan pesdigi bellenilipdi.Eýsem, dünýäniň haýsy ýurtlarynyň ilaty azalýarka?!

Dünýäde ilaty 10 milliondan geçýän sekiz ýurduň ilaty on ýyldan bäri azalýar.Bu ýurtlaryň arasynda Italiýa, Portugaliýa, Polşa, Rumyniýa, Gresiýa we Ukraina ýaly Ýewropa ýurtlary bar.Bu ýurtlarda ilatyň azalmagynyň dürli sebäpleri bar.

Emma ählisinde-de çaga dogluşynyň azalmagy esasy sebäp bolmagynda galýar.

Demografiýada dogruş tizligi bir zenanyň 15-49 ýaş aralygynda dogrup biljek çaga sanyny aňladýar.Bütindünýä Bankynyň maglumatlaryna görä, Günorta we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda dogruş tizliginiň ortaça 1,2-1,6 aralygyndadygy bellenilýär.

Emma ilatyň öňki durkundan galmagy üçin her zenan azyndan ortaça iki çaga dünýä indermeli.Köp ýurtda ilatyň azalmagyna ýaşaýjylaryň dürli sebäplere görä, daşary ýurtlara göçüp gitmekleri sebäp bolýar.

Ýewropanyň daşynda Ýaponiýa hem ilaty azalýan ýurtlaryň biri hasaplanýar. Bu ýurtda zenanlaryň dogruş tizligi zenan başyna 1,3, ýagny örän pes görkeziji. Mundan başga-da Ýaponiýa daşary ýurtdan migrant göçüp barmaýar. Şeýle bolansoň, Ýaponiýanyň ilaty 2011-2021 ýyllary aralygynda 3 milliondan gowrak azalypdyr.

Umumy ilaty sekiz milliarddan geçýän dünýäde Hytaý öňdeligi eýeleýär.Bu ýurtda köp ýyllaryň dowamynda ilat sanyny belli bir derejede saklamak üçin dürli çäreler geçirildi. 1979-njy ýylda ýurtda ýola goýlan düzgüne görä, her bir maşgala diňe bir çaga eýe bolup bilýärdi.

Emma 2016-njy ýylda bu düzgün ýatyryldy.Eýýäm 2017-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda dünýä inen çagalaryň 58 göterimine golaýynyň maşgalanyň ikinji bäbegidigi älim edilipdi.Emma bu uzaga çekmedi.

Geçen ýyl ýurtda dünýä inen çagalaryň, şeýle hem ilatyň sanynyň azalandygy mälim edildi.Bilermenler mundan soňky ýyllarda ilatyň azalmagynyň dowam edip, 2100-nji ýyla çenli ýurduň ilatynyň häzirkiniň ýarysy ýalyrak boljakdygyny çaklaýarlar. Çaklamalara görä, häzirki wagtda 1,4 milliard töweregi ilaty bolan ýurt asyryň 771 million ilatly bolar.

Russiýa, Germaniýa, Günorta Koreýa we Ispaniýa ýaly ýurtlaryň 2030-njy ýyldan ilatynyň azalyp başlamagyna garaşylýar. Tutuş Ýewropada şu onýyllygyň dowamynda ilatyň azalyp başlamagyna garaşylýar.

Ýüzýyllygyň ahyryna çenli Ýewropada, Amerikada we Aziýada ilatyň azalmagyna garaşylýar. Afrikada bolsa ilat çalt depginler bilen köpeler. Çaklama görä, yklymyň ilaty 1,4 milliarddan 3,9 milliarda ýeter. Şeýlelikde, häzirki wagtda dünýä ilatynyň 18 göterimini emele getirýän Afrika 38 göterimlik paýa eýe bolar.

Ýene degişli makalalar

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
Gresiýanyň kenarlarynda suwuň düýbünden onlarça gadymy gämi tapyldy
Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Şähdaçyk bolmak üçin
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar