Hepdede 4 gün işlemeli diýen netijä geldiler

Şu ýyla Angliýada birnäçe kompaniýanyň gatnaşmagynda synag maksady bilen 4 günlük iş hepdesine geçilipdi. Ýokary okuw mekdepleriniň hem goldaw berýän synagyna gatnaşan kompaniýalaryň wekilleri bu düzgüniň işgärleriň önjeýli işlemegi üçin has amatlydygyny belläp, hemişelik galdyrmak kararyna geldiler. Ýurtda jemi 2600 işgäri bolan, dürli ugurlarda iş alyp barýan 100 töweregi kompaniýa hepdelik 4 günlük işiň hemişelik galdyrylmagyny müwessa bildiler.

Kompaniýalaryň wekilleri iş sagadyny azaltmazdan, iş gününiň azaldylmagynyň işberiji üçin hem, işgärler üçin hem amatlydygyny belleýärler. Şeýle düzgüne geçen kärhanalaryň arasynda “Atom Bank” maliýe edarasy hem-de “Awin” halkara marketing kompaniýasy hem bar.

Uzak aralykdan işlemek ýa-da iş sagadyny azaltmak düzgüni pandemiýa döwründe ýola goýlupdy. Bu düzgün dünýäniň başga ýurtlarynda hem ýaýbaňlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Altyn Ýunus kärhanasy Täze ýyl üçin sowgatlyk gapda baýramçylyk süýjüliklerini öndürdi
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Syýasy Basyş Ulagyna Öwrülmäge Çalyşylýar
Altyn Ýunus haryt nyşany täze görnüşli önümi öýjükli şokoladlary hödürleýär
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy