Hojalyk mal saklaýyş agyrlaşýa

Mary welaýatynyň etraplarynda mal keselleriniň dürli görnüşleriniň köpelýändigi aýdylýar.

Mallarda mama kesel, gan kesel, sary getirme ýaly keseller döräp, köp mallaryň gyrylmagyna getirýändigi aýdylýar. Hojalyk mallaryny ýaşaýjylar çöle ugradyýarlar, sebäbi oba ýerlerinde mal bakmaga öri meýdanlary ýeterlik däl. Oba golaý ýerleri ekin ýerlerine öwürdiler, mellek ýerleri üçin paýlanyp berildi, şol sebäpli mallary hojalykda saklap bolmaýar.

Oba ýerlerinde ot-iým ýetmezçiligi hem ýiti duýulýar diýip, ýaşaýjylar aýdyýarlar.Häzirki wagytda çöl ýerlerine ugradylan mallary çopanlar yzyna oba getirip, mal eýelerine tabşyryp ugrapdyrlar.

Mallar dürli keseller bilen keselleýärler. Çöl ýerinde olara sanjymlar geçirer ýaly weterinar lukmanlar hem ýok, derman ýagdaýy asla ýok, ilatyň malynyň garamatyny boýun alanyňdan, olary eýelerine tabşyranyň gowy diýip, oba mallarny çölden getiren çopan aýdyýar.

Çopanlar bu ýagdaý sebäpli özleriniň eklençsiz galýandyklarny hem aýdyýarla: – Iş bolmandan soňra, oba mallaryny toplap, mal başyna aýlyk nyrh kesip, çölde bakýardyk. Kesel köpeldi, mallar dürli keseller bilen keselleýärler, şol sebäpli olary oba getirip, eýelerine tabşyrmaly boldyk.

Oba ýaşaýjylary bolsa, obadaky weterinar lukmanlarynyň öz işlerine jogapkäriz çemeleşýändiklerinden närazy bolýarlar. Mallary çöle ugradan wagtyň, weterinar lukmanlar hojalyklara aýlanyp, mallary bar ýok adamlara sanjym hödürleýärler. Gapyňdaky 1-2 sany iri şahly malyňa sanjym etdirýärsiň.

Öýdäki mallara sanjym edenlerinde dermanlaryň görnüşlerine görä bir ampulaň, 3-5-manat aralygynda bolýar.Bu dermanlaryň döwlet bahasy.Emma çölden gelen mallar üçin sanjym etdirjek bolsaň, weterinar lukmanlary gözläp hem tapyp bolmaýar.

Olar eýýäm sanjym üçin özleriniň işlerini tamamlandyklarny aýdyp, derman ýokluguny mälim ediýärler. Ýalbar-ýakar edip, ozalky 3-5-manat aralygyndaky bir ampulany 10-manatdan urup berjek diýsede, mallyň heläk bolmasa bolýar diýip, razylyk berýärsiň diýip, oba ýaşaýjylary aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Halk saz gurallary
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi
Aşgabatda Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR
Doňaklyk mal iýmine bolan talabyň artmagyna, onuň bahasynyň 50% gymmatlamagyna getirdi
Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler