Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.

“Älem” medeni-dyns alyş merkezi Türkmenistanyň halkynyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi.

Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşin atýan çyrajyklardan, täsin şarlardan, bezeg garjagazlaryndan, daş-töwerege nur saçýan dürli bezeg serişdelerden hakyky ertekiler dünýäsi döredildi. Älemgoşar öwüşginli bezeglere beslenen meýdançada Täze ýyl baýramynyň ruhubelentlik ýagdaýy göwnüňi göterýär.

Milli Liderimiz agtyklary bilen ertekiler şäherçesindäki meýdançada ýerleşýän Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy.

Aýazbabadyr Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we mähriban atasy bilen Baş arçanyň ýanyna gelen bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi belent ruhly we sagdyn hem-de hemmetaraplaýyn bilim- terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Döwlet Baştutanymyz çagalar hakyndaky aladanyň asylly we nurana geljegiň ygtybarly bolmagyny alamatlandyrýandygyny durmuş hem-de ýaşlar syýasatynyň ähli ugurlarynda ägirt uly we netijeli özgertmeleriň başyny başlamak bilen, şolaryň ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn belleýär.

Ýaş türkmenistanlylar mekdebiň işiginden ätlän ilkinji pursadyndan başlap, häzirki zamanyň kämil netbuklarynyň işiniň inçe tilsimlerini özleşdirýärler. Täze, 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzda öndürilen ýörite okuw maksatlary bilen üpjün edilen döwrebap kompýuterleri sowgat aldylar.

Şeýle hem Aýazbaba we Garpamyk ösüp gelýän nesliň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan çagalar barada edýän atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýokary hilli bilim almagy babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ähli çagalaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara okuwlarynda uly üstünlik, saýlap alan hünärine ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

Bagtyýar körpe nesil ata Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň hakyky buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki zehinli mekdep okuwçylary ýakyn geljekde köp babatda durmuş we ykdysady ösüşiň many-mazmunyny hem-de depginini kesgitlär, ylymda, tehnologiýalarda, medeniýetde we sungatda we sungatda esasy orny eýelär.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň ukyp-başarnygynyň açylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda, şunuň ýaly-da onuň çäklerinden daşarda köpsanly bäsleşikler, olimpiadalar, çagalaryň döredijilik sergileri yzygiderli geçirilýär. Ýurudumyzyň çagalary halkara festiwallarynda hem-de intellektual bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, medallara we baýraklara eýe bolýarlar.

Ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini üpjün etmek üçin zerur şertler döredildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmenistanlylaryň ýaş nesli döredijilik ukyplaryny yzygiderli ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa hem-de BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen beýleki möhüm resminamalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, dünýä bileleşigine öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisine ygrarlydygyny görkezýär.

Diýarymyzda gurlan hem-de gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz enäniň we çaganyň saglygyny goramak hem-de meseleleri boýunça iri halkara guramalary, öňi bilen bolsa, BMG-niň Çagalar gaznasy—(UNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurda bilelikdäki wajyp taslamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirýär.

BMG-niň Çagalar gaznasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen aň-bilim we ösüş häsiýetindäki, ösüp barýan ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine hem-de goralmagyna gönükdirilen mowzuklaýyn çäreleri guramakda yzygiderli gatnaşyk saklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklady. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri üpjün etmekde saldamly goşant bolar. Munuň özi bu ugurda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlyk harytlaryň dükany işleýär. Onda baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ýeri gelende, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyklaryna sowgat satyn alyşy ýaly, dükanda saýlap alan harytlaryň, önümleriň üçin bank kartlary arkaly töleg geçirip bolýandygyny bellemek gerek.

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň söwda ulgamynda döwrebap ösen tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz dükana baryp, hödürlenilýän sowgatlyk önümler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň agtyjaklarynyň göwün söýen, saýlan sowgatlaryny Aýazbabanyň gowşurmagy körpeler üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursada öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz agtyklarynyň saýlan sowgatlyk önümleri üçin tölegi bank karty arkaly geçirdi.

Çagalar hoşallyk sözlerini aýdyp, çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde joşgunly goşgulardan okap berdiler. Olar dürli dillerde goşgy okadylar

Aýazbaba we Garpamyk körpeleriň söýgüli baýramy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary üçin bagtyýar çagalara hoşallyk bildirip, olara täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedodanw bu günki şatlykly wakanyň hormatyna özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.

Türkmenistanlylar ýagşy arzukwlar bilen Täze ýyly garşylap, ruhubelentlik hem-de eziz Watanymyza we milli Liderimize buýsanç duýgularyny başdan geçirýärler. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ösüp barýan ýaş nesilleriň durmuşynyň her bir pursadynyň şatlykly wakalara, asylly ýörelgelere beslenmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda geljegi nazarlaýan başlangyçlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli, ruhubelent we sagdyn bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli aladasy ýaşlary täze taryhy eýýamda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Bagtyýar çagalaryň gülküleri, şadyýan sesleri döwletimiziň abadançylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we mähriban Watanymyzyň şu günki we geljekki ösüşine bolan ynamyny pugtalandyrýar. Ýetip gelýän we döwletimiziň beýik ösüşlerine beslenjek 2021-nji ýylyň bosagasynda çagalaryň şatlyklary Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Milli Liderimiz Aýazbabadyr Garpamyga minnetdarlyk bildirip, dostlugy, parahatçylygy, ylalaşyklylygy, jebisligi hem-de rowaçlygy alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy bilen olary ýene bir gezek gutlady we täze ýylda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýazbaba we Garpamyk bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly, düşümli ýyl bolmagyny arzuw edip, Watanymyzyň körpe nesilleriniň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Aşgabatda ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy