Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçanyň ýanyna geldi.Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar, diýip TDH habar berýär.
Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşün atýan çyrajyklardan, täsin şarlardan, daş-töwerege nur saçýan dürli bezeg serişdelerden hakyky ertekiler dünýäsi döredildi. Älemgoşar öwüşginli bezeglere beslenen meýdançada Täze ýyl baýramynyň ruhubelentlik ýagdaýy göwnüňi göterýär.
Aýazbabadyr Garpamyk hormatly Prezidentimizi we Baş arçanyň ýanyna gelen bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi belent ruhly we sagdyn hem-de hemmetaraplaýyn bilim terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Şeýle hem Aýazbaba we Garpamyk ösüp gelýän nesliň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan çagalar barada edýän atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýokary hilli bilim almagy babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ähli çagalaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara okuwlarynda uly üstünlik, saýlap alan hünärine ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.
Bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlyk harytlaryň dükany hereket edýär.Onda baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.Döwlet Baştutanymyz dükana baryp, hödürlenilýän sowgatlyk önümler bilen tanyşdy.
Bu ýerde milli Liderimiziň agtyjaklarynyň göwün söýen, saýlan sowgatlaryny Aýazbabanyň gowşurmagy körpeler üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursada öwrüldi.Döwlet Baştutanymyz Aýazbaba we Garpamyk bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly, düşümli ýyl bolmagyny arzuw edip, Watanymyzyň körpe nesilleriniň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.