2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy.Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.
Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherjiginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumy bolan Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryndaky ýagdaýlar bilen tanyşdy. 2021-nji ýylda ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi. Şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellere garşy sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada Döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk welotrek toplumyna bardy.Döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek boýunça dünýä çempionatyna degişli hasabatyny diňledi.
Habar berlişi ýaly, welotrek boýunça dünýä çempionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçirilip, jemi 20 ýaryş guralar.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk gelýän iň ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz hususan-da, türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň aýratyn ýüze çykarylmalydygyny we türgenlerimiziň netijeli çykyş etmelidigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk Tennis toplumyna baryp, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.
Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan bedenterbiýe we sport, köpçülikleýin sagaldyş çäreleri hem-de ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlaryna ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjigine bolan iş saparynyň netijelerini jemläp, şu ýyl geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryň ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Geldinyýazowa bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde toplan tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.