Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Saýlawlaryň netijesi Siziň ýurduň gülläp ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artmagyna hem-de Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň ählihalk goldawyna eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belleýär hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan oňyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Şu gün Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Özbegistana Iş Saparyny Gurady