Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy

22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem Emirlikleriň iri işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän Açyk gapylar we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda maýa goýum işinde hem üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda geçen işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi.

Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

BAE-de soňky 75 ýylda iň köp derejede ygal düşdi
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Mart I hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $109,6 milliondan geçdi
Mart soňky hepde: eksport geleşikleri $71 milliona golaýlady
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy