Howanyň özgermegine garşy maslahat geçirilýär

Ispaniýanyň paýtagty Madridde dünýäniň ähli döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda howanyň özgermeginiň öňüni almaga bagyşlanan maslahat (COP25) geçirilýär.Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralýan “Hereket etmegiň wagty” şygary bilen geçirilýän maslahatda, daşky gurşaw bilen bagly gaýragoýulmasyz meseleleri tizden-tiz çözmek maksat edinilýär.Maslahata Çiliniň Daşky gurşaw ministri Karolina Şmidt ýolbaşçylyk edýär.

Ol maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda dünýäde daşky gurşawa degişli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, olary çözmek üçin halklary birleşdirýän gymmatlyklara ýüz tutulmalydygyny aýtdy.Ol “Hereket etmegiň wagtynyň” diňe bir şygar däl, şol bir wagtyň özünde ykdysady, jemgyýetçilik we ahlak taýdan jogapkärçiligi bolan zerurlykdygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş bolsa, howanyň özgermegini togtatmak üçin has köp tagalla edilmelidigine ünsi çekdi.Ol global maýylganlygyň dikeldip bolmajak derejä ýetmeginiň uzakda däldigini, tebigat bilen söweşmegi bes etmelidigini aýtdy.

Baş sekretar global ýyly howanyň we deňiz derejesindäki artyşyň soňky 5 ýylda rekord derejä ýetendigini, ummanlaryň hapalanýandygyny we buzluklaryň ereýändigini, gury ýerdäki we deňizlerdäki köpdürlüligiň howp astyndadygyny, guraklygyň we tebigy hadysalaryň köpelýändigini belledi.2-13-nji dekabr aralygynda dowam edýän maslahatda 2015-nji ýylda gol çekilen Pariž Ylalaşygynda hökümetleriň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýtadan garalar.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň ahyrynda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen maslahatda howanyň özgermeginiň öňüni almak üçin her bäş ýyl üçin ýerine ýetirmeli işleriň çarçuwasy kesgitlenipdi.Pariž Ylalaşygy global ýylylyk artyşynyň senagatlaşmadan ozalky döwür bilen deňeşdireniňde, 2 derejäniň aşagynda saklamagy maksat edinýär.2015-nji ýyldaky ylalaşyga görä, her ýurt howa goýberilýän gazy azaltmaga degişli maksat kesgitläp, ony her bäş ýyldan bir gezek gözden geçirilmegi we täzelenmegi göz öňünde tutulypdy.

Bu global çärä dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar bilen bir hatarda, maliýe edaralary hem goldaw berýär.Hususy kompaniýalar has arassa ýangyçdan peýdalanýan ulagdyr beýleki maşynlary öndürmäge üns berýän bolsalar, bank-maliýe edaralary daşky gurşaw üçin zyýanly hasaplanýan kömür we beýleki gazylyp alynýan energiýa serişdelerini maliýeleşdirmegi bes edýär. Şeýle hem, hökümetler we ýerli häkimiýetler innowasion tehnologiýalara goldaw berip, howany hapalaýan önümçilik kärhanalaryny we ulaglary çäklendirýär.Howanyň özgermeginiň öňüni almak häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynyň esasy jogapkärçilikleriniň biri bolup, bu mesele bilen göreş 1980-nji ýyllaryň ahyrynda başlady.

Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bu ugurdaky ilkinji ylalaşygy 1992-nji ýylda gazandy. 1997-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen maslahatda Kioto Protokoly döredildi.BMG hem-de beýleki halkara guramalar gatnaw we önümçilik sebäpli howa goýberilýän hapa gazlaryň azaldylmagy üçin degişli kanunçylygy taýýarlamaga goşant goşýarlar şeýle hem arassa tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegini höweslendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar
Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy
Döwlet edaralarynyň wekilleri ODM-y dolanşykdan aýyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar