Huawei inçe çarçuwaly täze telewizoryny görkezdi

Huawei inçe çarçuwaly täze telewizoryny görkezdi

Huawei kompaniýasy täze Huawei Smart Screen telewizorlaryny goýbermek boýunça, deslapdan 26-njy sentýabra meýilleşdirilen konferensiýanyň, 29-njy sentýabrda geçiriljekdigini resmi suratda habar berdi.

Täze telewizorlar Huawei Vision Smart Screen 75 we Huawei Vision Smart Screen 86 atlary bilen goýberilip, 14-nji oktýabrda satuwa çykar.Mundan hem başga, geýmerler üçin niýetlenen, 31-nji oktýabrda çykjak Huawei Vision Z65 we Huawei Vision Z75 modelleri bilen tanyşdyrylar.

Gurluşlaryň häsiýetnamalary barada heniz hiç zat aýdylanok, ýöne megerem, olar 4K razreşeniýeli we şekili täzeleýiş tizlikleri 120 Gs-i göterýän bolsa gerek.Geýmer modelleriniň hem säginmesi iň kiçi bolmaly.

Ilkinji tizerinden çen tutsaň, telewizorlar kindiwanja çarçuwaly bolar we wideojaňlar üçin kamerasy bolmaz.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmentel-2023 halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
5G-niň ornaşdyrylmagy 4G-den has tiz boldy
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy