Hytaý Owganystandaky mis, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek baradaky gepleşiklere başlady

Hytaý Owganystandaky mis, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek baradaky gepleşiklere başlady

Hytaý Owganystany gözegçiliginde saklaýan Taliban hereketiniň (RF-da gadagan edilen terrorçylykly gurama) wekilleri bilen ýurduň iri mis ýatagy bolan Mes Aynagy peýdalanmagyň mümkinçilikleri hakynda gepleşiklere başlady diýip, Wall Street Journal habar berýär.

Ol ýer Kabulyň 40 km günorta-gündogarynda ýerleşip, peýdalanylmaýan magdanly ýerleriň arasynda metal ätiýaçlyklarynyň göwrümi boýunça iň ähmiýetlileriniň biri hasaplanýar we misiniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Şeýle-de, Pekin ýurduň demirgazyk böleginde ýerleşýän, Amyderýanyň nebit-gazly böleginde gazylyp alynýan peýdaly magdanlary özleşdirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Bu magdan känlerine degişli gepleşikleriň başlanandygyny HHR-nyň Owganystandaky ilçisi Wan Ýuý tassyklady. Ýöne ol, maýa goýumlary özüni ödär ýaly, has bähbitli şertleriň zerurdygyny aýtdy. Iki tarapyňam göwnejaý girdeji almagy has möhümdir — diýip, ol belledi.

Gazetiň berýän habaryna görä, Owganystanda ýurduň demirgazygyndaky demir magdanynyň iri ýatagyny peýdalanmaga ygtyýar almak üçin Eýran hem öz gepleşiklerini geçirýär.

Ýerasty baýlyklary gazyp çykaryş işleri Owganystanda, awgustda talibanlaryň häkimiýet başyna gelmegi bilen tamamlanan uruş sebäpli, kän ýyllaryň dowamynda doňup galypdy. Şondan soň günbatar ýurtlarynyň, şol sanda amerikanyň kompaniýalary ýurtdan çykyp gitmage mejbur bolupdylar.

Owganystan dünýäde iň garyp ýurtlaryň biri hasaplanýar, emma bu ýerde altynly, gymmatbaha daşly, kömürli, nebitli, gazly, litiýli we ýerden alynýan seýrek minerally ýataklaryň bardygy anyklandy. On ýyl mundan öň amerikan ekspertleri ýurduň ähli mineral resurslarynyň bahasy 1 trln. $ diýip kesgitlediler.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
1 trillion dollarlyk bina
ABŞ-da Uolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
WSJ: Ýewropa rus gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar
Genri Kissinjer: ABŞ Russiýa we Hytaý bilen söweşiň bosagasynda
Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler