Hytaýda çagalara eýýäm üç ýaşdan başlap COVID-19-a garşy sanjym ediler

Hytaýda çagalara eýýäm üç ýaşdan başlap COVID-19-a garşy sanjym ediler

Hytaýda azyndan bäş welaýat 3 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalara koronawirusa garşy sanjym edip başlar. Bu barada AP agentligine salgylanyp, INTERFAX.RU habar berýär.

Agentlik bu sebitleriň we şäher häkimlikleriniň administrasiýasynyň ýakyn wagtda bu ýaşdaky çagalar üçin sanjymyň hökmany boljakdygyny duýdurmaga başlandyklaryny belleýär.Resmi maglumatlara görä, Hytaýda ilatyň 76%-ine sanjym edildi, şonda-da häkimiýetler koronawirusa garşy göreşi güýçli depginde dowam edýärler.

Milli saglygy goraýyş komissiýasynyň habaryna görä, ýurtda günde 35 sany täze koronawirus ýokuşmasy ýüze çykarylýar. “Worldometers” bolsa muny gündelik 43 hadysa diýip görkezýär.

Tomusda HHR-iň hökümeti üç ýaş we ondan uly çagalara Sinopharm we Sinovac koronawirusa garşy sanjymlaryny etmäge rugsat beripdi, emma şu wagta çenli ýurtda diňe 12 ýaşly we ondan uly çagalara sanjym edildi.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Amirabdullahian: Agentligiň soraglaryna jogap bermäge taýýar
Bir serişde mundan soň doping diýlip hasap edilmez
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Täze galaktika surata düşürildi
Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär
Bu gezek Ýupiteri surata düşürdi