Hytaýda täze wirusyň ýaýran mahaly, Türkmenistan arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy çärelerini güýçlendirdi

Hytaýda täze wirusyň ýaýran mahaly, Türkmenistan arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy çärelerini güýçlendirdi

Türkmenistan ýurduň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak we sanitar-epidemiologik durnuklylygy saklamak boýunça çärelerini güýçlendirdi.Bu çäre Hytaýda ölüm howply täze wirusyň ýaýrap başlandygy barada dünýä metbugatynda habarlaryň peýda bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. “Ulag-aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurduň geografik ýerleşişini, halkara gatnaşyklaryň ösüşini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak üçin, toplumlaýyn çäreler geçirilýär” diýlip, TDH-nyň habarynda bellenilýär. 23-nji ýanwarda çap edilen maglumata görä, bu çäreler döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli görkezmelerine laýyklykda amala aşyrylýar. “Welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary tarapyndan şol ýurtlara dürli maksatlar bilen gidip-gelýänler berk gözegçilige alynýar we serhet geçelgelerinde ýerleşýän arassaçylyk karantin nokatlarynda, bölümlerinde gözegçilik işleri geçirilýär we dowam edýär” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Maglumatda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy döredip biljek täze wiruslar boýunça dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýynyň çylşyrymly bolmagynda galýandygy aýdylýar. Ýöne bu wiruslar barada maglumat berilmeýär.Döwlet mediasynyň bu habary Hytaýda ýaýrap başlan täze wirus sebäpli ölenleriň sanynyň 25 adama ýeten mahalyna gabat geldi.

Bu wirusa başga-da 830-dan gowrak adam ýolugdy. 24-nji ýanwarda Hytaý resmileri täze wirusyň ýaýramagyny kontrol etmek maksady bilen ýurduň merkezindäki Hubeý welaýatynyň azyndan 11 şäherine girip-çykmagy çäklendirmek boýunça çäreleri girizdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Guraklyga garşy ýagyş ýagdyrylýar
13.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Medeniýet Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudyr”
11.10.2017 | I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady
I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady