IIM-niň ýolbaşçysyna ÝHD gözegçiligi tiz wagtda güýçlendirmek we günäsi geçilenleri hasaba almak buýruldy

IIM-niň ýolbaşçysyna ÝHD gözegçiligi tiz wagtda güýçlendirmek we günäsi geçilenleri hasaba almak buýruldy

5-nji maýda geçen Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde IIM Muhammet Hydyrow ýol hereket düzgünlerini bozyjylara garşy göreş we paýtagtda, welaýatlarda ýol hereket düzgünlerini (ÝHD) ösdürmek barada hasabat berdi diýip döwlet täzelikler gullugy TDH habar beripdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda sürüjileriň ÝHD-ni bozandygy üçin öňki IIM Öwezdurdy Hojanyýazowyň işden boşadylan 6-njy apreldäki mejlisi emeldara ýatlatdy.

TDH-niň ýazmagyna görä, şonuň bilen ilteşikli prezident “ÝHD berjaý edilende goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi” Hydyrowa buýurdy.

Şonuň bilen birlikde, ýol howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin Adalat ministrine kanunlary ösdürmek barada taslamalara seretmek we öz tekliplerini hödürlemek tabşyryldy.

Mundan soňra prezident IIM-ne “Gadyr gijesi” bilen bagly günäsi geçilen bendileriň “jemgyýete goşulmagy we öz ýaşaýşyny ýola goýmagy üçin” çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ol türmelerden çykyp gelenleriň doly hasabyny içeri işler edaralarynda ýöretmegi we häkimlikler bilen bilelikde olary işe ýerleşdirmek boýunça alada etmek barada görkezme berdi.

Şeýlede kiçi Berdimuhamedow tomusda jokrama yssy bolýandygy we otlaryň guraýandygy üçin ýangynyň ýüze çykmagynyň örän mümkindigini hem belläp, olar babatda duýduryşlara taýýarlanmagy hem tabşyrdy.The post IIM-niň ýolbaşçysyna ÝHD gözegçiligi tiz wagtda güýçlendirmek we günäsi geçilenleri hasaba almak buýruldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Polisiýa jerime salýar, IIM-gi ulagy tiz sürmezlik we ota basmazlyk barada SMS arkaly duýduryş edýär
Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, FlyDubai Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar
Aşgabatda ýuridik şahsa ýazylan ýaşyl sanly awtoulaglary jerime duralgalaryna ýollaýarlar
Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝHD-ni berjaý etmek talaby barasynda SMS-habar ýollandy, polisiýa ýollarda gözegçiligini güýçlendirdi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy