Iki sagatdan öň tamamlan ilkinji türgen

Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen resmi däl marafon ylgawynda keniýaly Eliud Kipçoge taryhy netije görkezdi.Ol 42 kilometr 195 metr aralygy, ýagny marafon ylgawyny 1 sagat 59 minut 40 sekuntda tamamlamagy başardy. Şunlukda, 34 ýaşyndaky türgen marafon ylgawyny 2 sagatdan öň tamamlan ilkinji ylgaýjy hökmünde taryha girdi.

Onuň bu görkezijisi Halkara ýeňil atletika federasiýasy (IAAF) tarapyndan rekord hökmünde hasaba alynmaz.Sebäbi resmi däl ýagdaýda geçirilen marafon ylgaw ýaryşlaryny IAAF resmi ýagdaýda kabul etmeýär.Muňa garamazdan, Kipçogeniň gazanan bu taryhy üstünligi marafon ylgawynda görkezilen iň ýokary netije hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giriziler.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň ýeňil atletikaçylary
Ýylyň ýeňil atletikaçylary
Ýylyň ýeňil atletikaçylary kim bolar?
Londonda keniýalylaryň ýeňşi
Marafonda täze rekord
Ýylyň türgenleri saýlandy