Iki tennisçiniň hem 5-nji kubogy

Tennis boýunça ABŞ-nyň Ohaýo ştatynda geçirilen “Cincinnati Masters” ýaryşynda erkekleriň arasynda russiýaly Daniýl Medwedew, zenanlardan bolsa, amerikaly Madison Kiýz ýeňiş gazandy. Ýaryşyň umumy pul gaznasy erkekler üçin 6 million 735 müň 690 dollar, zenanlar üçin bolsa, 2 million 944 müň 486 dollara deňdir.

Möwsümiň 7-nji “Masters” ýaryşy bolan “Cincinnati” tennis bäsleşigi erkekleriň arasynda 118-nji, zenanlaryň arasynda-da 91-nji gezek geçirildi.Ýarym finalda soňky çempion Nowak Jokowiçden üstün çykan 23 ýaşyndaky Medwedew finalda belgiýaly Dawid Goffini 7:6 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu ýeňiş Medwedewiň ATP-niň ýaryşlaryndaky 5-nji çempionlygydyr. Ýaş tennisçi mundan 2 hepde ozal hem Rojers Masters kubogynda finalda Rafael Nadaldan utulypdy.Bu çempionlykdan soň, Medwedew sanawda 5-nji orna beýgeldi.Zenanlaryň arasyndaky finalda bolsa, Madison Kiýz russiýaly Swetlana Kuznesowa bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk 1 sagat 45 minutlap dowam etdi.

Netijede, amerikaly tennisçi tejribeli garşydaşyny 2 setde 7:5 we 7:6 hasaplar bilen ýeňip, karýerasyndaky 5-nji kubogyny asmana göterdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dimitrowyň iň uly ýeňşi
Fransiýanyň 10-njy çempionlygy
Nadalyň yzly-yzyna 2-nji çempionlygy
“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady
Jokowiç kuboklarynyň sanyny 95-e ýetirdi