Ilkinji jaň kakyldy

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze ― 2022–2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady.

Ir säher bilen Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçirildi.Aşgabatda we welaýatlarda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrdy.

Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guraldy.Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan 159 müň 772 okuwça hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berildi.Okuw ýylynyň ilkinji Halkyň Arkadagly zamanasy ady bilen geçirildi.

2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si ulanmaga berildi.Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçy, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talyp bilim alar.

Mugallymçylyk ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny tamamlan ýaşlaryň 3165-si Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň bilim edaralaryna işe ýollanyldy. Şeýle-de diplomlary ykrar edilen pedagogik bilimli raýatlaryň 411-si bilim edaralaryna işe kabul edildi.

Umuman, täze okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaşlaryň aň-bilim we beden taýdan kämilleşmekleri, döwrebap bilimlere eýe bolmaklary üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Ýene degişli makalalar

Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar
Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň ady aýdyldy
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy