Ilon Mask Tehasda hususy uniwersitetini açmak isleýär

Ilon Mask Tehasda hususy uniwersitetini açmak isleýär

Ýakynda Ilon Maskyň baýlygynyň 300 mlrd dollardan geçendigi belli boldy. Bu ony “Forbes” reýtinginiň tutuş taryhynda dünýäniň iň baý adamyna öwürdi. Bu pul birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýeterlikdir. Maskyň özi olaryň biri barada gürrüň berdi. Ol bu babatda Twitterde täze post ýerleşdirdi diýip, ferra.ru habar berýär.

Milliarder durmuşa geçirmek isleýän başlangyçlarynyň biri, ýagny hususy ýokary okuw mekdebini açmak isleýändigini aýtdy. Ol Tehasda ýerleşer. Öň, Mask elektromobil öndüriji kompaniýasy Tesla-nyň ştab-kwartirasyny hem şol ýere göçürdi. Onuň kosmos kärhanalary-da ABŞ-nyň bu ştatynda ýerleşýär.

Şeýle-de, Ilon Mask uniwersitetiň nähili atlandyryljakdygy barada aýtdy. Onuň meýilnamasy boýunça, edara “Tehasyň tehnologiýa we ylym instituty” diýlip atlandyrylar.

Bu taslamanyň durmuşa geçiriljek senesi barada heniz hiç hili maglumat ýok.

Milliarderiň özi birbada üç ýokary okuw mekdebinde bilim alypdy. Ilkibaşda Kingstondaky Patyşalyk uniwersitetinde okady. Iki ýyldan soňra ol ýerden Pensilwaniýa uniwersitetine geçip, fizika we ykdysadyýet boýunça bakalawr derejesini aldy. Ol Stenford uniwersitetine hem baryp gördi. Ýöne ol ýerde dogry iki gün okap, bilim edarasyny terk etdi.

Ýene degişli makalalar

Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy
Gyşky synagdan geçirdi
Gün panelli ýaşaýyş jaýlary gurulýar
“HIF Global” kompaniýasy ýelden ýangyç öndürmek başlangyjyny öňe sürdi
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 3 Esger Ýogaldy
Gazagystan 2024-nji ýylyň aýagyna çenli nebitiň çykarylyşyny artdyrmakçy