Immuniteti güýçlendirýän içgiler

Hindistanly alymlar dürli döwürlerde adamlaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýän içgileriň sanawyny taýýarladylar. Bu barada “Times Now” neşiri habar berýär. Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin bedene witaminleriň we minerallaryň yzygiderli kabul edilmegi zerur bolup durýar. Lukmanlar möwsümlere görä, immun ulgamy güýçlendirýän iň oňat 7 içgini maslahat berýär.

Almadan, käşirden we apelsinden taýýarlanan miwe şiresi: hindi hünärmenleriniň pikiriçe, olaryň ulanylmagy antioksidant täsirleri bolan A we C witaminleriniň köp bolmagy sebäpli immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Mundan başga-da, bu içgiler beden üçin zerur bolan kaliý mukdaryny öz içine alýar.

Pyrtykaldan we greýpfrutdan taýýarlanan miwe şiresi: bu şireler adam bedenindäki C witamininiň mukdaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Onuň adamyň immun ulgamyny güýçlendirýändigi köp sanly ylmy we lukmançylyk seljermelerinde mälim edildi. “Annals of Nutrition & Metabolism” žurnalyndaky seljermelere görä, bu witamin sowuklama garşy göreşmekde möhüm bolup durýar. Şeýle hem ol beýleki keseller üçin hem peýdalydyr.

Pomidor şiresi: bu şire A we C witaminlerine baýdyr. Onuň düzüminde foli turşusy bolup, ol hem adam bedeniniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

Şugundyrdan, käşirden we zenjebilden taýýarlanan içgi: şeýle garyndy bedeni A, C, E, demir, kalsiý witaminleri bilen üpjün edýär.

Enejan NURMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-

tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Öýken üçin peýdaly azyklar….
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy